Britaniýaly Ewans 40 günde Atlantik ummanyny kürekläp geçip, rekordy täzeledi

Britaniýaly Ewans 40 günde Atlantik ummanyny kürekläp geçip, rekordy täzeledi

Britaniýaly zenan Atlantik ummanyny 40 gün 21 sagat 1 minutda ýekelikde kürekde kesip geçip, Ginnesiň dünýä rekordyny täzeledi. Bu barada United Press International agentligine salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

Ginnesiň rekordlar kitaby Wiktoriýa Ewansyň passatlaryň ýolunda Atlantik ummanynyň üsti bilen zenanlaryň arasynda ýekelikde ýüzmegiň tizligi boýunça rekordy täzeländigini mälim etdi. Ol özüniň gaýygynda Ispaniýanyň Tenerife adasyndan Barbados adasyndaky Port-Sent-Çarlz-a ýüzdi. Ewansyň 40 gün 21 sagat 1 minut wagty başga bir britaniýaly Kiko Metýuz tarapyndan goýlan öňki rekordy dokuz gün aratapawut bilen täzeledi.

Ýene degişli makalalar

Britaniýaly zenan Atlantika ummanyny ýüzüp geçip dünýä rekordyny goýdy
Atlantik ummanyny ýüzüp geçdi
Putin Nawalnynyň ölümi bilen baglanyşykly "şeýle zatlar bolýar" diýdi
2023-nji ýylyň iň gowy kitaplary saýlandy
Oýna girip, het-trik eden 7-nji futbolçy
Russiýa-Ukraina söweşine çözgüt gözlenýär