Britaniýadan DKTR-na Gönüden Uçar Gatnawynyň Ýola Goýulmagy Islenilýär

Britaniýadan DKTR-na Gönüden Uçar Gatnawynyň Ýola Goýulmagy Islenilýär

Häkimiýet başyndaky Konserwatiw partiýanyň we oppozisiýadaky Zähmetkeşler partiýasynyň halk deputarlary bilen bilelikde 54 halk deputaty Daşary işler ministri Demiw Kamerona ýüzlenip ýazan hatynda, Britaniýadan Kipr adasynyň esasy howa menzillerinden biri bolan halkara Erjan howa menziline gönüden uçuşlaryň başladylmagy boýunça goldawyny beýan etdi.

Britaniýada 300 müň kipr türküniň, DKTR-da bolsa 15 müň iňlisiň ýaşaýandygyna üns çekilýän hatda, halkara Erjan howa menziline gönüden uçuşlaryň edilmegi we ýüzlerçe müň adamyň syýahatynyň ýeňilleşdirilmegi talap edildi.

Britaniýadaky kiprli türkler DKTR-na Türkiýäniň ýa-da grek böleginiň üstaşyr uçup bilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkiýede biosfera ätiýajynyň bardygyny bilýäňizmi?
Aşgabat — Serhetabat — Aşgabat ugry boýunça otly gatnawlary her gün ýerine ýetiriler
Käbir şäherlere otly gatnawy artdyryldy
Aşgabat —Daşoguz aralygyna her gün iki otly gatnawy ýola goýuldy
Aşgabatdan Daşoguza otly gatnawy indi günde iki gezek amala aşyrylar
BAE-de Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirilýär, RT Documentary ahalteke atlary barada filmi surata düşürip başlady, we beýleki habarlar