Britaniýada türki dildäki ilkinji Gurhan tapyldy

Britaniýada türki dildäki ilkinji Gurhan tapyldy

Gazagystanly alymlar Garahanlylar döwletine degişli Gurhanyň özboluşly golýazma nusgasyny tapdylar. Keramatly kitap geçen asyryň aýagyndan bäri Mançesterdäki Jon Raýlandsyň kitaphanasynyň gaznasynda saklanýar diýip, MIR 24 habar berýär.

Gadymy golýazma türki-yslam medeniýeti üçin ägirt uly gymmatlyga eýedir. Alymlar ony takmynan X-XII asyrlarda Ispijabde türki dile terjime edilen ilkinji Gurhan diýip hasaplaýarlar. Şol döwürde Garahanlylar taýpasy yslamy kabul edip başlapdyr.

Bize golýazmany surata almaga rugsat berdiler. Indi onuň ähli sahypalaryny bir ýerä jemläp, dolulygyna çap etmekçi. Kitabyň daş jildini hem gönde ýasap, hatda kagyzyňdyr reňkleriň hem barabarlygyny saklamakçy bolýarys diýip, Gazagystanyň Milli golýazmalar we seýrek kitaplar merkeziniň direktory Žandos Boldykow gürrüň berýär.

Gazagystanly alymlar Beýik Britaniýadan şeýle hem gadymy golýazmalaryň 15-sini we arhiw resminamalarynyň 500 sanysyny alyp geldiler. Olaryň sergisini ady tutulan milli merkezde guramakçy bolýarlar.

Ýene degişli makalalar

Horezm döwri we şol döwürde ýazylan eserler
Orta asyrda türk döwletlerinde diliň we edebiýatyň ulanylşy
Aşgabatda halkara tennis ýaryşy geçirilýär
Alym 'türki hökümdarlaryň atasy hasaplanan' Alp Er Tonganyň mazaryny Buharadan tapandygyny aýdýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
“Döredijilik duşuşygy”