Beýik Britaniýada Robin Gud: ogrularyň şazadasy atly çeper filmdäki meşhur çynar agajyny çapmakda şübhelenýän erkek kişilere aýyplama bildirildi. Bu barada People neşirine salgylanýan Gazeta.ru habar berýär.
Öň 38 ýaşly Deniel Grem we 31 ýaşly Adam Karruters ýerli polisiýa tarapyndan rowaýaty daragty çapmakda aýyplanyp saklanypdy.
Bu çynar Adrianyň alaňyndaky jarda geçmişde rimliler tarapyndan bina edilen köp kilometrlik gorag berkitmesiniň çäginde ösüp otyrdy. Erkek kişiler baryp geçen oktýabrda tussag astyna alyndy.
Çynar 1991-nji ýylda ady agzalan çeper film ekranlara çykandan soňra has-da meşhurlyk gazandy we jahankeşdeleriň iň köp barýan ýerine öwrüldi. Çynary çapmakda aýyplanyp, ilki 16 ýaşly ýetginjek saklandy, emma günäsi subut edilmänden soňra ony goýberdiler.
Çynaryň tohumyny alyp ony tebigy goraghananyň çäginde ekdiler. Häzir ol şineläp başlady diýlip habar berilýär. Emma ondan nahal peýda bolaryna köp garaşmaly bolar, geljekde onuň çapylan çynaryň ornunda ösüp ýetişjekdigine umyt edýärler diýlip, habarda bellenýär.