Britaniýada mumiýa sözüni gadagan etmekçi bolýarlar

Britaniýada mumiýa sözüni gadagan etmekçi bolýarlar

Beýik Britaniýanyň muzeýinde müsürlileri kemsidýär diýip, mumiýa sözüni gadagan etmekçi bolýarlar. Bu barada Daily Mail neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Mumiýa sözi (balzamirlenendigi üçin çüýremän saklanan jeset) eýýäm muzeýiň gadymy müsürlileriň galyndylary barada gürrüň berýän işgärleriniň dilinden aýryldy. Britanlar bu adalga özleriniň kolonial geçmişlerinden yşarat edýär diýip hasaplaýarlar.

Indi bu söze derek mumiýalanan adam ýa-da mumiýalanan galyndylar diýen sözleri ulanmak teklip edilýär. Britan muzeýiniň bu başlangyjyny Şoltandiýanyň Edinburgdaky muzeýi hem-de Nýukasldaky Beýik Demirgazyk muzeýi goldaýar.

Muzeýiň wekilleriniň pikiriçe, mumiýa sözi köplenç elhençlikler filmlerindäki gorkunç mahluklary ýatladýar. Emma bu söz aslynda kolonial gelip çykyşly bolup, arap dilindäki mummiýa sözünden dörändir we ol balzamlamak üçin jisim bolan bitum sözüni aňladýar.

Ýene degişli makalalar

Alymlar: Çagalaryň ene-atalaryna meňzeşdigi baradaky gürrüň dogry däl
Ýalňyzlygyň saglyk üçin howpludygy anyklandy
Dünýäde iri buzdag 37 ýylda ilkinji gezek herekete geldi
Tesla zawodynda robot adama hüjüm etdi
Adamlar zerarly Marsda takmynan 7,12 tonna kosmiki zyňyndy toplanypdyr
Ulularyň ýarysyndan gowragy tümlükden gorkýar