“The Guardian” gazeti Fud Fondeýşn guramasynyň geçiren sowalnamasyna salgylanyp, Britaniýada azyk ýetmezçiliginden ejir çekýän çagalaryň sanynyň ýanwar aýynda geçen ýyl ozalkysyna görä tas iki esse artandygyny ýazdy.
Netijelere görä sowalnama gatnaşan hojalyklaryň 22 göterimi geçen aýy ýa bir garny aç biri dok, ýa-da uzakly güni aç geçirendigini beýan etdi.
2022-nji ýylyň ýanwarynda şol san 12 göterime barabardy.
Görkezijiler azyk ýetmezçiliginden ejir çekýän iňlis çagalarynyň jemi sanynyň häzirki wagtda 4 milliona çenli baryp ýetendigini görkezýär.
Aladalandyrýan tarapy ýurtda energiýa serişdeleriniň gymmatynyň artmagy sebäpli ýokary azyk inflýasiýasynyň bolan döwründe ýüze çykdy.
Azyk pudagyny öwreniji “Kantaryň” geçen hepdäniň başynda çap eden soňky görkezijilere görä azyk inflýasiýasy häzirki wagtda 17,1 göterime deň we süýdüň, ýumurtganyň we margariniň nyrhlary ýokary depginde artýar.
Halk iňlis hökümetini mekdeplerde muzdsuz nahar bermegi ýurduň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrmaga çagyrýar.
“Çagalar” gaznasy tarapyndan geçirilen sowalnama, gatnaşyjylaryň 80 göteriminiň iňlis çagalaryna mekdepde tölegsiz nahar berilmegini isleýändigini ýüze çykardy.