Britaniýa Imperiýasy

Britaniýa Imperiýasy

Bu gün size taryh sahnasynda uly orun tutýan Britaniýa imperiýasy hakynda maglumat bermek isleýaris. Ençeme gezek eşiden “üstünde gün batmaýan imperiýa” sözümiziň manysyna giňden ser almak isleýäris. Britaniýanyň üstünde gün batmazdy, çünki diýip, söze başlaýarys.

“Üstünde gün batmaýan imperiýa” sözi Britaniýa imperiýasynyň ägirt ululygyny we global täsirini nygtamak üçin ulanylýar. İmperiýa 19-njy asyryň ahyrynda we 20-nji asyryň başlaryna çenli giň sebitde höküm sürýärdi.

Sagat tapawudy sebäpli döwletiň territoriýasynyň bir böleginde gije, beýleki böleginde gündiz dowam edýärdi. Şol döwürde imperiýa Demirgazyk Amerikadan Aziýa, Afrikadan Okeaniýa çenli birnäçe materikde terroriýasy bardy.Imperiýanyň esasy sebitlerinde; Hindistan, Kanada, Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Günorta Afrika, Müsür we Karaip ülkesi ýerleşýärdi.

Şeýle hem Ýakyn Gündogarda Yrak we Palestina, Uzak Gündogarda Gonkong we Singapur bilen Afrikanyn esasy bölegi Britaniýa tabyndy.

Britaniýa imperiýasy iň giň döwründe 33 million inedördül kilometrlik territoriýada höküm sürýärdi. Şol döwürdäki dünýä ilatyynň ¼ bölegine golaýy, ýagny 400 million adam Britaniýa şasynyň dolanşygynda ýaşaýardy. Şeýle giň sebitde höküm sürmek Britaniýanyň dünýä syýasatynda we ykdysadyýetinde güýçli pozisiýa eýelemegini üpjün edýär.

imperiýa deňiz söwda ýollaryna gözegçilik edip, baý çeşmeleri özüne çekýär, medeni we syýasy täsirini dünýäniň herbir künjeginde görkezýär.

Emma şeýle giň imperiýany dolandyrmak ýeňil däldir.Wagtyň geçmegi bilen milletçi hereketler, ykdysady kynçylyklar we dünýä uruşlary ýaly faktorlar imperiýanyň ejizlemegine sebäp bolýar. 20-nji asyryň ortalaryndan başlap Britaniýa koloniýalaryny ýitirmäge başlaýar.

Häzirki döwürde şol giň imperiýanyň galyndylary Britaniýa milletler jemgyýeti ady bilen garaşsyz döwletler hökmünde dowam edýär. şol ýurtlaryň pul birliklerinde we poçta markalarynda imperiýanyň simwollaryna orun berilýär.Hat-da Britaniýanyň Şasy Çarls 3-nji şol bir wagtda Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň hem Şasy çinini göterýärt.

Ýene degişli makalalar

Gara deňizden amala aşyrylýan deňiz önümleriniň eksporty artýar
Aşgabatda halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygy geçirildi
Bilermenler Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmegi maslahatlaşdylar
Tramp öz administrasiýasyny döredýär
Londonda Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik agşamy geçirildi
Gymmat bahaly hytaý keramikasy