Britaniýa bir gijede 35 müň ýyldyrym düşdi

Britaniýa bir gijede 35 müň ýyldyrym düşdi

Bir gijede La-Manş bogazyna 35 müň ýyldyrym düşdi diýip, Daily Mail neşirine salgylanýan Lenta.ru habar berdi.

Ýagny 2-nji maýa geçilýän gije gulagyňy gapyp barýan gümmürdiler millionlarça britaniýalylary ukudan oýardy. Esasan hem, Günorta Angliýa we Uelsde köp ýyldyrym çakdy.

Deňiz harasaty Günbatar Sasseksdäki Elmer obasynyň garrylar öýüniň üçegini gopardy. Graflykdaky Çiçestersk uniwersitetiniň binasyny hem ýyldyrym urdy. Netijede, üçege we elektrik üpjünçiligine zeper ýetdi. Hiç kim ejir çekmedi diýlip, habarda aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Britaniýalylar Patyşa maşgalasynyň iň ýakymly agzasyny agzadylar
Diananyň jemperi 1,1 million dollara satyldy
Mundan 300 müň ýyl öň ýaşan adamyň keşbi dikeldildi
Adamlar zerarly Marsda takmynan 7,12 tonna kosmiki zyňyndy toplanypdyr
Iki müň türkmenistanly ABŞ-da gaçybatalga durumy boýunça kazyýet diňlenişigine garaşýar
Awstraliýada Titanik gämisiniň nusgasyny suwa goýbermekçi bolýarlar