Britan premýeri polisiýanyň soraglaryna jogap berdi

Britan premýeri polisiýanyň soraglaryna jogap berdi

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson Skotlend-Ýard polisiýa edarasynyň koronawirus çäklendirmeleri döwründe Dauning-stritdäki edarasynda guran meýlisleri bilen bagly soraglaryna jogap berdi. Bu barada düýn Evening Standard neşiri ýazdy diýip, Izwestiýa habar berýär.

Polisiýanyň soraglary beýan edilen şeýle haty şol meýlislere gatnaşanlaryň 50-si aldy. Şeýtmek bilen, polisiýa gullugy bolup geçen wakalaryň ähli ýagdaýlaryny anyklaşdyrmak isleýär, günäkärlere kowide garşy çäreleri bozandyklary üçin pul jerimeleri garaşýar.

Öň Jonson şeýle agşamlara gatnaşandygy üçin resmi ötünç sorapdy.

Şu ýylyň ýanwarynda lokdaun wagty premýer-ministriň Londonyň Dauning-strit, 10 salgydaky edarasynda çakyrly agşamlaryň yzygiderli guralyp gelnendigi habar berlipdi.

Ýene degişli makalalar

Ilkinji sürüjisiz awtobus gatnap başlady
Telefon budkalary taryhy ýadygärlik boldy
Iň gowy dynç alyş-kenarýaka ýerleri
Iň gowy dynç alyş-kenarýaka ýerleri
Çaloba Çelside galmasa-da, Londonda galyp biler
Iň gowy dynç alyş-kenarýaka ýerleri