Britan işewüri Nik Kendi Londonyň Çelsisini onuň rus eýesi Roman Abramowiçden satyn almak isleýär diýip, Daily Mail habar berýär.
Çeşmäniň habar bermegine görä, Kendi hyzmatdaşlary bilen bilelikde aristokratlary 2,5 mlrd funt sterlinge (3 mlrd ýewro) satyn almaga bil baglaýar. Ondan hem başga, işewür Çelsi Stemford Brij öý stadionynyň durkuny üýtgetmek üçin 1,5 mlrd funt sterling (1,8 mlrd ýewro) sarp etmäge taýýar. Kendi çagalygyndan göklere janköýerlik edýär diýip belleýärler.
The Independent-iň öň habar berşi ýaly, Abramowiç kluby amerikan-şweýsar konsorsiumyna satmakdan boýun gaçyrypdyr. Çeşmäniň habar bermegine görä, teklip rus işewüriniň göwnüne ýaramandyr. Konsorsiumyň gökleri satyn almak üçin 2,2 mlrd funt sterling (2,6 mlrd ýewro) teklip etmäge taýýardygy barada öň habar berlipdi.
26-njy fewralda Abramowiçiň kluba ýolbaşçylyk etmegi Çelsiniň haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlaryna geçirendigini ýatlalyň. 2-nji martda ol kluby satmak meýliniň bardygyny mälim edipdi. Rus işewüri aristokratlary satmakdan 4 mlrd funt sterling (4,84 mlrd ýewro) gazanmak isleýär.