Angliýanyň Daşary işler ministrligi dünýäniň 31 ýurdundaky adam hukuklary ýagdaýyna syn edip, ýylyň alty aýyna bagyşlanan hasabatyny çap etdi.
Täze hasabat 2021-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlaryny öz içine alýar. Aladaly ýurtlaryň sanawyna Owganystan, Belarus, Wenezuela, Ysraýyl, Hytaý, Demirgazyk Koreýa, Pakistan, Russiýa, Saud Arabystany, Siriýa, Türkmenistan, Özbegistan we ýene birnäçe döwlet girýär.
2021-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda adam hukuklary meselesinde düýpli gowulaşma bolmady. Adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy ýurduň içinde we daşynda adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň we olaryň maşgala agzalarynyň häkimiýetler tarapyndan saklanmak, ýanalmak praktikalary bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny habar berdi diýip, hasabatda aýdylýar.
Şol bir wagtda, hasabatda türkmen türmelerinde oturan Ýehowa şaýatlarynyň hemmesiniň 2021-nji ýylyň maý aýynda yglan edilen günä geçişde azatlyga çykarylandygy bellenýär.
Emma muňa garamazdan, hasabat döwründe Türkmenistanyň BMG-nyň Adam hukuklary komitetiniň degişli kanunçylyga gaýtadan seredip, raýatlaryň dini ynanjy sebäpli harby gullukdan boýun gaçyrmak hukuklaryny ykrar etmek we olara harby gullukdan daşarda alternatiw gulluk etmek mümkinçiligini bermek baradaky öňki tekliplerini ýerine ýetirmändigi aýdylýar.
Şeýle-de, hasabatda hökümetiň COVID-19 hadysasynyň ýurda aralaşmandygy baradaky tassyklamasyny dowam etdirendigi bellenýär.
Ýurtda azat medianyň bolmazlygy we pikir beýan etmek azatlyklarynyň töwerekleýin çäklendirilmegi netijesinde, bu aýdylýanlar köplenç sorag astyna alynman galdy.
Ikinji tarapdan, britan DIM-i Türkmenistanyň 2021-nji ýylyň aprelinde Halkara migrasiýa guramasy bilen adam söwdasynyň pidalaryna kömek bermek we gorag üpjünçiligini döretmek barada geçiren gepleşiklerini gowy garşylandygyny aýdýar.
Mundan başga, hasabatda Türkmenistan BMG-niň mejbury ýitirim edilmeler boýunça işçi topary bilen işleşmäge, olaryň saparyny gurnamaga we mejbury ýitirim edilmeleriň pidalary bolan we uzak wagtdan bäri üzňelikde saklanýan adamlar baradaky meseleleriň çözülmegine çagyrylýar.
Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça täzelikde çap eden Milli hereket meýilnamasynda käbir oňyn başlangyçlar bar we, eger-de doly durmuşa geçirilse, olar ýurtdaky adam hukuklary ýagdaýyny gowulaşdyryp bilerdi diýip, Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň adam hukuklary boýunça alada döredýän ýurtlar babatdaky alty aýlyk hasabatyna aýdylýar.
Türkmenistan halkara hukuk guramalary we halkara jemgyýetçiligi tarapyndan öz üstüne alan adam hukuklary we azatlyklary borçnamalaryny doly we dogry ýerine ýetirmezlikde onlarça ýyl bäri tankyt edilýär. Emma resmi Aşgabat bu tankyda getirilýän faktlary doly ýa bölekleýin inkär etmek, anyk soraglara anyk jogap bermän, kabul edilýän taze kanunlary gaýtalamak bilen, umumylykda jogap berýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.