Britan alymlary garrylyga garşy derman döretdiler

Britan alymlary garrylyga garşy derman döretdiler

Britan alymlary garrylyga garşy göreşmekde möhüm ädim ätdiler. Olar laboratoriýa şertlerinde syçanlarda molekulalaryň garramagynyň tizligini togtadýan dermany üstünlikli synagdan geçirdiler. Bu gemrijileriň ömür dowamlylygyny 25 göterim uzaltmaga mümkinçilik berdi diýip, The Daily Mail neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Beýik Britaniýanyň Lukmançylyk barlaglary boýunça Geňeşiniň lukmançylyk ylymlary laboratoriýasynyň alymlar topary interleýn-11 diýlen belokda ünsi jemlediler. Adamlar ony 450 million ýyl öň balyklardan miras alandyr diýip hasaplanýar. Öňki barlaglar bu geniň ötüşen sowuklama, öýjükleriň ýaralanmagy, maddalaryň alyş-çalşygynyň bozulmagy, myşsalaryň ýaşaýyş ukybyny ýitirmegi we ýüregiň fibroziýasy ýaly keseller bilen baglydygyny görkezdi.

Täze derman interleýn-11-i syçanlarda ýok etdi, ony 75 hepde ýaşan gemrijilere sanjym etdiler (55 ýaşly adamyň ýaşyna deň). Synlamalar 25 hepdeden soň olarda düwnügiň ösmek howpuny peseltdi, çal saçlar ýok boldy, göreçler ýiteldi, myşsalaryň işi gowulandy. Syçanlaryň adaty 120 hepdelik ömri 155 hepdä çenli uzaldy.

Alymlar täze dermanyň bedeniň garramagyny haýalladýandygy, şeýle hem ony hroniki kesellerden we ýaş bilen baglylykda myşsa agramynyň we güýjüň ýitmeginden goraýandygy barada netijä geldiler. Ol adamlara-da şeýle täsir eder diýlip çaklanýar.

Ýene degişli makalalar

Alymlar ýowuz eýýamyň golaýlaýandygyny duýdurýarlar
Adamlardan soňra planetany eýeläp biljek görnüş agzaldy
Ýalňyzlygyň saglyk üçin howpludygy anyklandy
Dünýäde iri buzdag 37 ýylda ilkinji gezek herekete geldi
Tesla zawodynda robot adama hüjüm etdi
Adamlar zerarly Marsda takmynan 7,12 tonna kosmiki zyňyndy toplanypdyr