Bristol uniwersitetiniň inženerleri robot-siňek döretdiler

Bristol uniwersitetiniň inženerleri robot-siňek döretdiler

Bristol uniwersitetiniň inženerleri uçýan kiçirobotlaryň täze görnüşini— ganatlaryny galgadyp uçýan siňekleri oýlap tapdylar, bu barada Science Robotics neşirine esaslanyp, MIR24 habar berdi.

Jonatan Rossiteriň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary emeli myşşalary döretmek bilen herekete getirijiniň täze ulgamyny işläp düzdüler, bu işde uçýan mör-möjekleriň anatomiýasyndan ylham alyndy. Ulgama LAZA diýlip at berildi.

Inženerler täze açyşyň gymmat bolmadyk uçýan kiçi enjamlaryň önümçiligine ýol açjakdygyna umyt baglaýarlar, olar ýykylan binalardan adamlary gözlemekde, seýrek ösümlikleri tozanlandyrmakda ulanyp bilner.

Ýene degişli makalalar

Britaniýada immigrantlara garşy bolup geçen bidüzgünçiliklerde bir türkmen zenany ejir çekdi
Gülgüne älemgoşar
Kubok ýaryşlary
Serhio Pitol
Howanyň hapalanmagyna garşy göreş
Dünýä habarlary gysga setirlerde