Günorta Afrika Respublikasy ähli Afrika ýurtlarynyň döwlet Baştutanlaryny awgust aýynda Ýohannesburgda guraljak BRIKS-iň sammitine çagyrdy. Bu barada Günorta Afrika Respublikasynyň hökümetiniň ýokary derejeli wekili habar berdi.
-Prezident Siril Ramafosa BRIKS bilen özara hyzmatdaşlygyň çäginde ähli Afrika liderlerini sammite çagyrmak barada karara geldi. Şoňa görä, olaryň ählisine BRIKS-iň liderleri bilen birlikde sammite gatnaşmaklary üçin çakylyk ýolladyk – diýip Günorta Afrika tarapyndan BRIKS boýunça ynanylan wekil Anil Suklal metbugat üçin maslahatda mälim etdi.
-Sammitde yklymyň ykdysady ösüşine kömek etmek maksady bilen BRIKS ýurtlary bilen Afrikanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýollary ara alnyp maslahatlaşylar. Mundan başga-da, Prezident Siril Ramafosa BRIKS-iň liderleri üçin agşamlyk naharyny berer, oňa Afrika liderleri hem gatnaşar diýip, Anil Suklal habar berdi.
Onuň sözlerine görä, çagyrylanlaryň arasynda Afrika Bileleşigine agza ýurtlaryň we sebitiň ykdysady birleşikleriniň ýolbaşçylary we işewür liderleri bar. Günorta Afrika Respublikasy şu ýylyň 1-nji ýanwarynda BRIKS-iň başlygy boldy.
Häzirki wagtda BRIKS Russiýany, Hytaýy, Braziliýany, Hindistany we Günorta Afrika Respublikasyny birleşdirýär. Şeýle-de, Indoneziýa, Türkiýe, Saud Arabystany, Müsür we Argentina ýaly ýurtlar bileleşige goşulmagy maksat edinýärler.Bilermenleriň çaklamagyna görä, 2023-nji ýyla çenli BRIKS ýurtlarynyň jemi içerki önüminiň dünýä ykdysadyýetindäki umumy paýy G7 ýurtlarynyň jemi içerki önüminiň paýyndan ýokary bolar.
Bu ýurtlar dünýäniň ilatynyň 40 göterimini öz içine alyp, Ýer togalagynyň dörtden bir bölegini eýeleýär.Gurama 2006-njy ýylda Peterburg ykdysady forumynyň çäklerinde Braziliýanyň, Russiýanyň, Hindistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda esaslandyryldy.