BRIKS guramasyna öňdäki ýyl alty ýurt girer

BRIKS guramasyna öňdäki ýyl alty ýurt girer

Argentina, Müsür, Eýran, BAE, Saud Arabystany we Efiopiýa halkara BRIKS guramasynyň 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, täze agzalary bolarlar. Bu barada guramanyň şu gezekki sammitiniň geçirilen ýeri bolan GAR-yň Prezidenti Siril Ramaposa habar berdi diýip, Euronews.com ýazýar. Ramaposanyň sözlerine görä, guramanyň düzümi geljekde-de giňeldiler.

Ýohannesburgda düýn tamamlanan sammitiň netijeleri boýunça kabul edilen resminamada täze agzalary kabul etmegiň ýörelgeleri beýan edildi. Häzirki wagtda BRIKS-e agza bolmak üçin 22 ýurt arza bilen ýüz tutdy.

BRIKS bäş ýurduň Braziliýanyň, Russiýanyň, Hindistanyň, HHR-iň we GAR-yň gatnaşmagynda 2006-njy ýylyň iýunynda döredildi.

Gurama agza ýurtlaryň umumy meýdany 39 746 220 inedördül kilometre deň, ilatyň umumy sany 3,21 milliard adam hasaplanýar, bu dünýä ilatynyň 41,5 göterimine deňdir.

BRIKS-iň agzalary has çalt ösýän iri ýurtlar hökmünde häsiýetlendirilýär.

Ýene degişli makalalar

GAR-da BRIKS-iň daşary işler ministrleriniň duşuşygy açyldy
Szinpin: BRIKS duşuşygy ösýän ýurtlaryň arasynda raýdaşlygy berkider
GAR-a gar ýagdy
Hindistanyň Chandrayaan-3 enjamy Aýa gondy
BRIKS-e agza ýurtlar artýar
Saud Arabystany resmi taýdan BRIKS guramasyna girdi