Argentina, Müsür, Eýran, BAE, Saud Arabystany we Efiopiýa 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan BRIKS-e goşular. Bu barada Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa, BRIKS-iň 15-nji sammitinden soň geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.
“Argentina Respublikasyny, Müsür Arap Respublikasyny, Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyny, Eýran Yslam Respublikasyny, Saud Arabystany Patyşalygyny we Birleşen Arap Emirliklerini BRIKS-iň doly agzasy bolmaga çagyrmak barada karara geldik. Agzalyk 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär” diýip, Günorta Afrika Respublikasynyň lideri aýtdy. Onuň sözlerine görä, BRIKS giňelmegiň bir tapgyry bilen çäklenmez.
Şeýle hem, BRIKS ýurtlarynyň ýolbaşçylary “Ýohannesburg-2” diýlip atlandyrylan birleşigiň 15-nji sammitiniň jarnamasyny kabul etdiler. Bu barada Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa mälim etdi. Ol BRIKS-iň dürli nukdaýnazarlary bolan deň derejeli ýurtlaryň hyzmatdaşdygyny, ýöne has gowy dünýäni döretmek üçin umumy garaýyşlydygynyň bardygyny belledi.
20-den gowrak ýurt BRIKS-e goşulmak üçin ýüz tutdy. Geljekki täze agzalaryň hatarynda Alžir we Indoneziýa hem bar. Toparyň täze agzalaryny saýlamagyň esasy ölçeglerinden biri, birleşigiň çäginde sebit deňagramlylygyny üpjün etjek geografiki faktordyr.
Birleşdiriji ýurtlaryň meýdany sekiz million inedördül kilometre çenli giňelip, Ýer togalagynyň üçden bir bölegini eýelär. Guramanyň agza döwletleriniň ilaty üç milliarddan geçýär. Maliýe nukdaýnazaryndan BRIKS dünýäniň jemi içerki önüminiň dörtden bir bölegini düzýär.