Günorta Afrikanyň Halkara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk ministri Naledi Pandor Müsür, Efiopiýa, Eýran, Saud Arabystany we BAE ýaly döwletleriň geçen ýyl düzümine goşulmagy üçin çakylyk ugradylan BRIKS-e girmegi tassyklandklaryny habar berdi.
Günorta Afrikanyň Halkara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk ministri Naledi Pandor geçiren metbugat ýygnagynda BRIKS-e agzalyk tapgyry bilen bagly maglumat berdi.
Günorta Afrika Respublikasynyň Ýohannesburg şäherinde geçen ýylyň awgust aýynda geçirilen sammitde 6 ýurda BRIKS-iň düzümine goşulmagy üçin çakylyk ugradylandygyny ýatladan Naledi Pandor, şol ýurtlardan Müsür, Efiopiýa, Eýran, Saud Arabystany we BAE ýaly döwletleriň guramanyň düzümine girmegi tassyklandyklaryny habar berdi.
Naledi Pandor: "Ýer eýeçiligini eden BRIKS sammitiniň iň möhüm netijeleriniň biri hem guramanyň giňelmegi bilen bagly karardy. Müsür, Efiopiýa, Eýran, Saud Arabystany we BAE ýaly döwletleriň BRIKS-e doly agza bolandyklaryny tassyklaýarys" diýip mälim etdi.
Pandor, Argentinanyň bolsa gurama goşulmak çakylygyny ret edendigi beýan etdi.
2006-njy ýylda döredilen BRIK, 2010-njy ýylda bolsa Günorta Afrikanyň ýüz tutmasyny kabul edip, BRIKS adyny alypdy.