BRICS-iň 2025-nji ýyldaky nyşany

Braziliýanyň häkimiýetleri BRIKS-iň 2025-nji ýyldaky nyşanyny çap etdiler.Bu nyşan Amazon tokaýlyklarynda ösýän sumauma agajynyň şekiline hem-de BRIKS-e agza ýurtlaryň milli baýdaklarynyň reňklerine esaslanýar.

BRICS-e agza ýurtlaryň baýdaklarynyň reňk gammalaryna we Amazonyň tropik tokaýlarynyň palitrasyna esaslanýan reňkler bilen bezelen BRICS-iň 2025-nji ýyldaky nyşany Braziliýanyň Prezidenti tarapyndan hödürlendi diýlip, Günorta Amerika Respublikasynyň başlygy Luisa Inasiu Lula da Silwanyň diwanynyň metbugat gullugynyň beýanatynda bellenilýär.

Nyşanda kökleri ýaýrap giden köp şahaly agaç hem-de sary, gyzyl, mämişi, ýaşyl we gök reňkli üçburçlyk görnüşli gülleýän agajyň ýokarky başy şekillendirilýär.Agajyň ýaýraň başy, BRICS-iň agzalarynyň arasyndaky bileleşigiň mizemezdigini görkezýär. “Logotip BRICS-iň diplomatik, sosial-ykdysady we syýasy taýdan artykmaçlygyny görkezýär” diýlip, beýanatda bellenilýär. 2024-nji ýylda Russiýa BRICS-e başlyklyk etdi. Şu ýylyň 22-24-nji oktýabr aralygynda Kazanda bileleşigiň sammiti geçirildi. 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bileleşigiň başlyklygy Braziliýa geçer. /* custom css */ .td_uid_15_676952fc13889_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_676952fc13889_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Ýurdunyň taryhyndaky ilkinji altyn medal
Terror Guramasy PKK, Siriýada Asuda Ilaty Nyşana Aldy
Ukraina, Russiýanyň Belgorod Şäherini Nyşana Aldy
Owganystanda Polis Ulagy Nyşana Alyndy
Erdogan Kuweýdiň Emirini Döwlet Nyşany Ordeni Bilen Sylaglady
ABŞ, Husileri Nyşana Aldy