Düýn Londonyň ICE biržasynda öňdäki ýylyň fewralyndan eltilmeli Brent nyşanly nebitiň nyrhy 2021-nji ýylyň fewralyndan bäri ilkinji gezek bir barrel üçin 77 dollardan aşak düşdi. Bu barada TASS habarlar gullugyna salgylanýan MIR 24 ýazýar.
Moskwa wagty bilen sagat 22:21-de gara altynyň bu görnüşiniň bahasy bir barrel üçin 76,94 amerikan dollaryna deň boldy, emma sagat 22:47-de ol ösüş görkezip, 77,47 dollara deň boldy.
Habarda 2023-nji ýylyň ýanwarynda eltilmeli WTI nyşanly nebitiň bahasynyň bir barrel üçin 72,33 dollara çenli arzanlandygy aýdylýar.