Düýn Londonyň ICE biržasyndaky söwdalaşyklarda Brent nyşanly nebitiň şu ýylyň mart aýy üçin fýuçersleriniň bahasy bir barrel üçin 87 dollara deň boldy. Bu geçen ýylyň 5-nji dekabryndan bäri ilkinji gezek hasaba alyndy diýip, Belta.by ýazýar.
Söwdalaşyklaryň barşynda Brent nebitiniň bahasy 87 dollara ýetip, 1,27 göterim ösüş görkezdi. Biržanyň ýapylmagynyň öňüsyrasy nyrhyň bir barrel üçin 86,3 dollarda saklanandygy bellenýär.
Şu ýylyň fewraly üçin WTI nyşanly nebitiň bahasy 0,66 göterim ösüşe deň bolup, bir barrel üçin 80, 79 dollara deň boldy.