Bremende 10 Türk Halk Deputatlygyna Saýlandy

Bremende 10 Türk Halk Deputatlygyna Saýlandy

Yglan edilen anyk bolmadyk netijelere görä Sosial demokrat partiýadan Mustafa Göngör, Mehmet Ali Seýrek, Rejai Aýtaş, Medine Ýyldyz we Selin Eje Arpaz, Hristiýan demokrat jebislik partiýasyndan Oguzhan Ýazyjy, Ýaşyllar partiýasyndan Sülmez Çolak we Çepçi partiýadan Jindi Tunjel we Muhlis Kojaoglu, Gazaply raýat partiýasyndan Meltem Sagyroglu halk deputatlygyna saýlandylar.

Şeýlelikde ştatda ozalky kanun çykaryş ýylynda 6 bolan türk syýasatçylarynyň sany 10-a ýetdi.

Bremeniň ştat mejlisinde 87 kürsi bar. Bremeniň ştat hökümetiniň gurulmagyndan son senatorlyk wezipesine bellenenjek halk deputatlary ştatyň mejlisiniň agzalygyndan çekilmeli bolar.

Şondan soň ätiýaçdaky nobatlardan mejlisiň düzümine goşulmaga şert dörejekdigi üçin türk halk deputatlarynyň sanynyň artmagyna garaşylýar.

14-nji maýda geçirilen saýlawda 27 türk dalaşgär ştat mejlisiniň halk deputatlygy üçin bäsleşipdi.

Ýene degişli makalalar

Mustafa Ali Mehmet
Mehmet Şimşek Omanda saparda bolýar
Kajyr: "Türkiye Ýewropanyň iň uly öý hojalyk önümleriniň öndürijisidir" diýdi
Türki döwletleriň gün tertibinde esasy orun eýeleýän wakalar
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär
Mehmet Şimşek Lýuksemburgyň Maliýe ministri bilen duşuşdy