Bred Pitt kinodaky işiniň jemleýji tapgyry barada gürrüň berdi

Bred Pitt kinodaky işiniň jemleýji tapgyry barada gürrüň berdi

Meşhur amerikan aktýory Bred Pitt GQ žurnalyna beren interwýusynda ýakyn günlerde kinokarýerasyny tamamlamagynyň mümkindigini ýaňzytdy.

Göwnüme bolmasa, men häzir öz işimiň jemleýji tapgyryna gadam basan ýaly bolup durun diýen aktýoryň sözlerini MIR24 getirýär.

Pitt indi kino taslamalaryna maýa goýmaga köp üns berýändigini, ýaş režissýorlary goldamaga çalyşýandygyny, şeýle-de eýýäm özüni tanadan ussatlaryň hem kino işlerini wagyz edýändigini aýtdy.

Aktýoryň nygtamagyna görä, ol häzir öz kärdeşi Edward Nortonyň ssenarisi esasynda surata alynýan Lýuis we Klark (Льюис и Кларк) atly serialy maliýeleşdirýär. Ol mundan başga-da onlarça filmlere maýa goýandygyny sözüniň üstüne goşdy, olaryň arasynda görnükli aktýor Leonardo di Kaprionyň baş keşbi janlandyrýan filmi hem bar.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň täsirindäki “ykdysady ýardam agtarýan” Merkezi Aziýa sebitinde Waşingtonyň mantrasy
Tom Kruz Top Gan: Mewerik üçin 100 mln dollar alar. Beýleki aktýorlar näçe gazanýarkalar?
31-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Kalmar oýny’: Lebabyň bir gije klubynda düzgünsiz uruşlar geçirilýär
Jennifer Lopez 40 ýaşdan uly iň owadan meşhur ýyldyz boldy
"Oskar 2021" baýragynyň gowşurylyşyny Bred Pit bilen Zendaýa alyp barar