Braziliýanyň 14-nji ýeňşi

Kenarýaka futboly boýunça Bagamalarda geçirilen FIFA Dünýä Kubogynda Braziliýanyň ýygyndysy çempion boldy.Olar finalda taitili futbolçylardan 60 hasabynda üstün çykdy.Brazillere ýeňiş getiren gollary Maurisinio (1, 18), Datinýa (7), Katarino (30) hem-de Daniel (32, 33) derwezä girizdi. Şunlukda, Braziliýanyň ýygyndysy 2009-njy ýyldan soň, ilkinji gezek, umumylykda-da 14-nji sapar Dünýäniň çempiony bolmagy başardy.

Braziller şu çempionatyň çäklerinde toparçada hem Taiti bilen duşuşypdylar we 41 hasabynda ýeňiş gazanypdylar. 2013-nji ýylda bürünç medaly alan Taitiniň ýygyndysy bassyr 2-nji sapar finaldan boş gaýdýar.

Olar 2015-nji ýyldaky finalda-da Portugaliýadan asgyn gelipdiler.3-nji ýer ugrundaky oýunda Eýranyň ýygyndysy Italiýanyň milli toparyny 53 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, taryhynda ilkinji ýola bürünç medala mynasyp boldy. Ýarym finalda Eýran Taitiden (11, 32 p), Italiýa-da Braziliýadan (84) utulypdy.Çempionatyň iň gowy oýunçysy diýlip, Eýrandan Mohammad Ahmadzadeh saýlandy. 17 gezek tapawutlanan italiýaly Gabriele Gori iň netijeli futbolçy baýragyna laýyk görüldi.Kenarýaka futboly boýunça Dünýä çempionaty 1995-nji ýyldan 2009-njy ýyla çenli her ýyl geçirildi. 2009-njy ýyldan bäri-de 2 ýyldan bir guralýan ýaryşda Braziliýa 14, Portugaliýadyr Russiýa 2 hem-de Fransiýa 1 gezek çempion boldy.

Ýene degişli makalalar

Sörfing türgeni suwa çümmeýärmi?
18.08.2017 | “Aşgabat 2017” Oýunlaryna futzal boýunça bije atyldy
Türkmenistan “A” toparçada
Tomusky Olimpiýa oýunlarynda sörfing ýaryşlary Parižden 16 müň kilometr uzakda geçiriler