Braziliýalylar üçin ýatdan çykmajak pajyga (Dünýä Kubogy 1950)

FIFA 4-nji Dünýä Kubogyny guramak üçin 12 ýyl garaşmaly bolýar. 2-nji Jahan urşunyň turmagy bilen 1942-nji ýyldaky Dünýä Kubogyny soňa goýan FIFA bu çäräni 1946-njy ýylda-da geçirip bilmeýär.

Sebäbi bu elhenç urşuň emele getiren ýykgynçylygy zerarly çempionaty geçirmäge mümkinçiligi ýokdy. Şol nukdaýnazardan, 1946-njy ýylda Lýuksemburgda geçirilen kongresde 4-nji Dünýä Kubogyny 1950-nji ýylda Ýewropa ýurtlarynyň uruşdan çykanlygy, soňky 2 bäsleşigiň bu yklymda bolandygy göz öňünde tutulyp, Günorta Amerikada guramak barada karar kabul edilýär.

Onsuzam Braziliýa bu çäreni geçirmek isleýändigini 1942-nji ýylda FIFA habar beripdi.Aslynda uruş başlamazdan öň, 1942-nji ýyldaky Dünýä Kubogyny Braziliýadyr Argentina hem-de Germaniýa geçirmek isläpdi.

Saýlama tapgyryna jemi 34 topar gatnaşýar. Ýer eýesi Braziliýa bilen soňky çempion Italiýa gönümel gatnaşýar.Saýlama oýunlaryndan soň Dünýä Kubogynda çykyş etmäge hukuk gazanan Türkiýe bilen Şotlandiýanyň ýygyndylary dürli sebäplerden (ykdysady kynçylyk, uzak aralyk) ýaryşa gatnaşmakdan ýüz öwürýär.

Olaryň ornuna çagyrylan Portugaliýa bilen Fransiýa hem ýaryşda çykyş etmekden boýun towlaýar. Ýogsam bije çekilişe hem gatnaşyp, 4-nji toparça düşen Fransiýa ýolagçylygyň kyn boljakdygyny bahanalap, ahyrky pursatda çempionatda çykyş etmekden ýüz öwürýär.

Aziýadan Hindistan hem Dünýä Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazanýar, hatda olaram edil Fransiýa ýaly bije çekilişe-de gatnaşýar (3-nji toparça). Ýöne olaryň aýakýalaňaç oýnamak islegi bilen FIFA ylalaşmaýar.Soňlugy bilen, Hindistanyň ýygyndysy hem Braziliýa gelmeýär.

Wagtyň azlygy sebäpli başga toparlary-da çagyrmaga mümkinçilik bolmaýar. Şeýlelikde, Žul Rimeniň ýolbaşçylygyndaky FIFA-nyň Günorta Amerikadaky 2-nji synanyşygy-da gopgunly başlaýar.Netijede, edil ilkinji Dünýä Kubogyndaky ýaly 13 topar Braziliýa jemlenýär we olar 4 toparçada çykyş edýär.

1-nji toparçada çempionatyň açylyş duşuşygynda Braziliýa Meksikany 40 hasabynda utýar. Şweýsariýa bilen 22 hasabynda deňme-deň oýnan ýer eýeleri Marakanada 142 müň janköýeriň şaýatlygynda Ýugoslawiýany 20 hasaby da ýeňlişe sezewar edýär. 2-nji toparçada Ispaniýanyň ýygyndysy ähli oýnuny-da ýeňiş bilen tamamlaýar.

Olar ABŞ-ny 31, Çilini 20 hem-de ilkinji gezek gatnaşýan Angliýany-da 10 hasabynda ýeňýär. 3-nji toparçada gyzykly geçen duşuşykda Italiýa bilen Şwesiýa duşuşýar we soňky çempion 3-2 hasabynda asgyn gelýär.

Paragwaý bilen hem deňme-deň oýnan şwedler ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanýar.Iki topardan ybarat 4-nji toparçada FIFA bolan 20 ýyllyk nägileligini tamamlan Urugwaý yklymyň başga bir wekili Boliwiýanyň toruna jogapsyz 8 pökgi girizýär.

Oýunda Oskar Miguez 3 gezek tapawutlanýar.Toparçadaky oýunlardan soň 4 ýygyndy final tapgyrynda, has takygy, final toparçasynda çykyş etmäge hukuk gazanýar.

Final toparçasynyň ilkinji oýny Urugwaý bilen Ispaniýanyň arasynda bolup, ýeňiş gazanan bolmaýar (2-2).Braziller üçin 1-2-nji duşuşyklar örän ýeňil geçýär.Sambaçylar Ademiriň 4 gol geçiren oýnunda ilki Şwesiýany 71 (Ademir 17, 36, 52, 58, Çiko 39, 88, Maneka 85 Andersson 67 p), soňra Ispaniýany 61 (Parra 15, ö.d., Jair 21, Çiko 31, 55, Ademir 57, Zizinio 67 Igoa 71) hasabynda utýar.

Urugwaý Şwesiýany-da garşydaşynyň 2 gezek öňe saýlanandygyna garamazdan, kynlyk bilen hem bolsa 3-2 hasabynda ýeňýär. Şeýlelikde, soňky duşuşyklardan öň Braziliýanyň 4, Urugwaýyň 3, Ispaniýanyň-da 1 utugy bar, Şwesiýanyň bolsa utugy ýok. Ýer eýelerine çempion bolmak üçin bary-ýogy 1 utuk gerek.

Bu duşuşyk gönümel manyda final duşuşygy bolman, ozal belli edilen senenama göre oýnalan adaty duşuşyk bolmalydy. Ýöne iki toparyň toparçadaky utuk ýagdaýy sebäpli “final” duşuşygyna öwrülýär. Çempionlyk üçin brazillere deňlik hem ýeterlikdi.

Eger bu duşuşyk final hökmünde kabul edilse, onda Dünýä Kubogynda 2-nji (ilkinjisi 1930-njy ýylda) we soňky gezek finalda Günorta Amerikanyň 2 wekili duşuşdy.

16-njy iýulda ýerli sagat bilen 15:00-da başlanan Urugwaý bilen Braziliýanyň arasyndaky oýna angliýaly Jorj Rider eminlik edýär.Bu aýgytlaýjy duşuşyga tomaşa etmäge resmi maglumatlara görä, petekli 173 müň 850, jemi 199 müň 954 (käbir çeşmelerde 205 müň, hatda 216 müň) janköýer ýygnanýar. Şol wagta çenli ähli duşuşygyny şowly geçiren brazilleriň ýygyndylarynyň çempion boljakdygyna ynamlary diýseň uly. Şu gün olar üçin iň uly baýramçylyk bolmalydy.

Hatda FIFA-nyň başlygy kubogy brazilleriň almagyna garaşyp, şoňa görä taýýarlyk hem görýär. Ýöne oýundan öňki çaklamalar, garaşylýan netije bolmaýar.Oýna seredeniňde, brazilleriň doly artykmaçlygynda geçen duşuşygyň 1-nji ýarymynda hasap açylmaýar.

Duşuşygyň 47-nji minutynda Albina Friasa ýer eýelerini ahyry begendiren pökgini tora girizmegi başarýar. Şondan soň hem hüjümlerini ýygjamlaşdyran braziller 66-njy minutda garşylyklaýyn hüjümleriň birinde Huan Alberto Skiaffinonyň takyk urgusyna çäre tapyp bilmeýär. Şol pursatda stadiony dyrm-dyrslyk gurşap alýar.

Bu goldan 13 minut soň, has takygy 79-njy minutda Alsides Gijja stadiondaky atmosferany düýp-göter üýtgedýär.Has-da dymyşlyga bürenen stadionda diňe myhmanlaryň begençli sesleri eşidilýär.Oýnuň galan 11 minutynda-da brazillere Urugwaýyň derwezeçisini geçmek başartmaýar. Şeýlelikde, braziller üçin garaşylýan iň uly baýramçylyk ornuny ýatdan çykmajak matama öwrülýär. Şol gün futbolyň häzirki iň öňdebaryjy ýurdy üçin iň pajygaly günleriň biri bolýar.

Hat-da käbir çeşmelerde oýnuň dowam edýän wagtynda amanadyny tabşyran janköýerler hem bolupdyr.Hakykatdan-da birinji tapgyrda 8, ikinji tapgyrda 14 gol geçirip, 6 topy derwezelerine goýberen ýer eýesi Braziliýa üçin futbol baýramçylygy garaşylyşy ýaly tamamlanmaýar.

Braziller häzirler hem 16-njy iýuldaky bu unudylmajak wakany “Marakanaso” (“Marakanadaky betbagtçylyk”) ady bilen gamgyn halda ýatlap geçýärler.Bu oýundan soň Braziliýanyň ýygyndysy 1952-nji ýylyň aprel aýyna çenli hiç hili duşuşyk geçirmeýär. Şol bir wagtyň özünde-de, 1954-nji ýylyň martyna çenli-de “Marakana” stadionynda duşuşyk oýnamaýar.

Bu duşuşykdan Braziliýanyň ýygyndysynyň köýnekçesi üýtgedilýär we şol reňkdäki köýnekçe gaýdyp geýilmeýär.

Çempionatyň bürünç medalyna Şwesiýa mynasyp bolýar. 1938-nji ýylda 4-nji ýeri alan şwedler ispanlary 31 hasabynda ýeňip, ilkinji gezek bürünç medaly eýeleýär.

Geçirilen duşuşyklar

1-nji tapgyr: 1-nji toparça: Braziliýa-Meksika: 4-0, Ýugoslawiýa-Şweýsariýa: 3-0, Braziliýa-Şweýsariýa: 2-2, Meksika-Ýugoslawiýa: 1-4, Braziliýa-Ýugoslawiýa: 2-0, Meksika-Şweýsariýa: 1-2. 2-nji toparça: Angliýa-Çili: 2-0, Ispaniýa-ABŞ: 3-1, Ispaniýa-Çili: 2-0, ABŞ-Angliýa: 1-0, Ispaniýa-Angliýa: 1-0, Çili-ABŞ: 5-2. 3-nji toparça: Şwesiýa-Italiýa: 3-2, Şwesiýa-Paragwaý: 2-2, Italiýa-Paragwaý: 2-0. 4-nji toparça: Urugwaý-Boliwiýa: 8-0

Final tapgyry: Braziliýa-Şwesiýa: 7-1, Urugwaý-Ispaniýa: 2-2, Braziliýa-Ispaniýa: 6-1, Urugwaý-Şwesiýa: 3-2, Şwesiýa-Ispaniýa: 3-2, Urugwaý-Braziliýa: 2-1.

Gyzykly maglumatlar

* Dünýä Kubogy ilkinji we soňky gezek finalsyz geçirilýär. Çempion gazanylan utuga görä kesgitlenilýär.

* Ýugoslawiýanyň milli ýygyndysyndaky 22 oýunçy diňe 4 klubdan (“S. Zwezda”, “Partizan”, “Haýduk”, “Dinamo Z.”) düzülýär.

* ABŞ-dan 1-0 hasabynda utulan Angliýada telefonyň näsaz işlemegi zerarly ýalňyş düşünişilip, ýurtda gazetler iňlisleriň 10-0 hasabynda utandygy habar berilýär.

* Duşuşyklar ýurduň 6 şäherinde (Belo Orizonti, Kuritiba, Porto Alegri, Resifi, Rio de Žaneýro, Sao Paulo) geçirilýär.

* Braziliýanyň “Marakanadaky” oýunlaryna 142 müň (Ýugoslawiýa), 138 müň (Şwesiýa), 152 müň (Ispaniýa) we final oýnuna 199 müňden gowrak (Urugwaý) janköýer tomaşa edýär.

* 1949-njy ýylda Italiýanyň “Torino” klubunyň oýunçylaryny gatnadýan uçar heläkçilige uçraýar we klubuň ähli oýunçylary aradan çykýar. Italiýanyň milli ýygyndysynyň esasy oýunçylary hem şol toparda bolup, soňky 2 ýaryşyň çempiony bu bäsleşikde şowly çykyş edip bilmeýär. Italýanlar Braziliýa uçar bilen däl-de gämi bilen gelýär.

* 4-nji Dünýä Kubogy üçin gurlan “Marakana” stadiony çempionatdan 8 gün öň 16-njy iýunda açylýar.

* Futbolyň watany hasaplanýan Angliýa ilkinji gezek Dünýä çempionatyna gatnaşýar.

* Bu çempionatdan soň Dünýä kubogyna resmi ýagdaýda Žul Rime kubogy diýilýär.

* 9 gol geçiren braziliýaly Ademir ýaryşyň iň netijeli futbolçysy bolýar.

* Bu ýaryşdan soň ABŞ-nyň ýygyndysy 1990-njy, Boliwiýanyň ýygyndysy-da 1994-nji ýyla çenli Dünýä Kubogyna gatnaşyp bilmeýär.

Ýene degişli makalalar

Ähli çempionata gatnaşan ýeke-täk topar
Braziliýanyň taryhynda ilkinji gezek
4 ýylda 4 kubok (makala)
Köpetdag stadiony dünýäniň iň gowy 100 stadionynyň sanawyna girizildi
Adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky halkara başlangyçlar
Ilkinji Dünýä Kubogy başlanýar