Newşehiriň welaýat müftiliginden berilen ýazmaça beýanata görä, Karla Martoni Mendes Stambuldaky taryhy we syýahatçylyk merkezlerine gezip göreninden soň, Kappadokiýa bardy.
Stambulda we Newşehirde minaralardan çykýan azanyň sesine haýran galyp, Yslam dinini öwrenmäge başlan Karla Martoni Mendes, ondan soň bolsa welaýat müftiligine ýüz tutdy.
Welaýat müftiligindäki dabarada kelemäni çöwürip musulman bolan braziliýaly zenan Karla Martoni Mendes soň bolsa "Merýem" adyny aldy.
Yslam dinini saýlamagy bilen raýat we bagtyýar bolandygyny aýdan Merýeme, welaýat müftisiniň wekili Selami Kurt tarapyndan ispan dilinde düşündirişi bolan Gurhan we tapawutly dini kitaplar sowgat edildi.