Braziliýanyň günortasyndaky Riu-Grandi-du-Sul ştatynyň 90 göterimini tutan sil joşgunlary we süýşgünler 179 adamyň pida bolmagyna getirdi, azyndan 33 adam henizem dereksiz ýiten hasaplanýar. Bu barada ýurduň raýat gullugynyň sebit wekilhanasyna salgylanýan Sinhua habar berdi diýip, Belta.by ýazýar.
29-njy aprelde başlanan tebigy betbagtçylyklar 2,39 million adama galtaşdy. Sil joşmalaryň güýjän döwründe 450 müňden gowrak adam ýaşaýan ýerlerinden göçürildi. Iýunyň ortalarynda suw çekilip başlady, emma halas ediş we dikeldiş işleri dowam etdirildi. Braziliýanyň hökümeti ady agzalan ştaty goldamak üçin 15 mlrd dollar bölüp berdi.
Ekerançylygyň we maldarçylygyň mekany hökmünde belli bolan Riu-Grandi-du-Sul ştatynyň 89 müň ýaşaýjysy hem-de 15 müň baş mal esgerler we ýerli meýletinçiler tarapyndan süýşgünlerde halas edildi.