Braziliýadaky sil apatynda 7 adam ýogaldy

Braziliýadaky sil apatynda 7 adam ýogaldy

Raýat goranyş edarasyndan berilen beýanatda, ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Pernambuko welaýatynyň Resifi şäherinde aşa ýagan ýagyşlar sebäpli sil apatlarynyň we ýer süýşgünleriniň emele gelendigi mälim edildi.

Beýanatda gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýän Resifi şäherinde ilkinji kesgitlemelere görä 7 adamyň ýogalandygy aýan edildi.

Resifi şäheriniň häkimi Žuan Kampos CNN Brazil kanalyna beren beýanatynda, şäheriň tapawutly ýerlerinde mekdeplere arakesme berilendigini, 90 maşgalanyň bolsa howp astyndaky ýerlerden ewakuasiýa edilendigini habar berdi.

Fewral aýynyň iň güýçli ýagyşlaryna garşy göreş alyp barýandyklaryny aýdan Kampos, hüşgär ýagdaýa geçendiklerini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Braziliýada kiçi uçar ýere gaçdy
Sinirlioglu ÝHHG-niň täze Baş sekretary boldy
ÝL 1/16 final: Ýunaýted we Ýuwentus indiki tapgyrda, Barselona ýaryşdan çykdy
BMG Agza Ýurtlary Ýardam Kampaniýasyna Goşant Goşmaga Çagyrdy
Barselona bilen Mançester Ýunaýtediň arasyndaky deslapky oýun deň gutardy
Russiýa ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň mugt bilim almak baradaky arzalaryny kabul etmegiň möhletini uzaltdy, türkmen estrada ýyldyzlary Moskwanyň konsert meýdançalarynyň birinde çykyş etdiler we beýleki habarlar