
Resmiler Maranha ştatyna degişli 64 aýry ýaşaýyş zolagynda adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilendigini belläp, sil apatlary sebäpli 7 müň 700 maşgalanyň öýsüz galandygyny, 35 müňden gowrak adamyň hem sebitden howpsuz ýerlere göçürilendigini mälim etdi.
Gözleg we halas ediş işleriniň arakesmesiz ýagdaýda dowam edýän apat zolagynda häzirki wagta çenli 6 adam ýogaldy.
Apat zolagynda gözegçilik işlerini geçiren Luis Inasiu Lula da Silwa federal, ştatlar we etraplar bilen hyzmatdaşlyk içinde iş alynyp barylýandygyny belläp: "Ejir çeken adamlar bilen gyzyklanmaga mejburdyrys. Adamlar galjak ýer isleýär, suw isleýär we özlerini arkaýyn etjek zatlar isleýär, hökümet hökmünde olary ýerine ýetirip biljek zatlarymyzdyr" diýip habar berdi.