
Braziliýanyň metbugatynda berilen habarlara görä, Mato Grosso welaýatynyň Apiakas şäherçesiniň golaýynda ýere gaçan uçarda halas bolan adam ýok.
Braziliýaly resmilerden berilen beýanatda uçaryň ýere gaçanyndan soň ýanandygy we içindäki 5 adamyň ýogalandygy habar berildi.
Jesetleriň şahsyýetleriniň anyklanmagy üçin Kazyýet-lukmançylyk merkezine alynyp gidilendigi bellenen beýanatda, waka bilen bagly derňew işiniň başladylandygy aýan edildi.
Braziliýada 9-njy awgustda hem bir ýolagçy uçarynyň San-Paulu şäheriniň demirgazygyndaky Winhedo şäherinde ýaşaýyş zolagyna gaçmagy netijesinde 57 ýolagçy we 4 adamdan ybarat ekipaž ýogalypdy.