Braziliýanyň Espiritu-Santu ştatynda we Rio-de-Žaneýro şäherinde aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde ýogalanlaryň sany 27 adama ýetdi.
Resmiler sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde Espiritu-Santu ştatynda 19 adamyň, Rio-de-Žaneýro şäherinde bolsa 8 adamyň ýogalandygyny habar berdiler.
Takmynan 7 müň 300 adamyň öýlerini terk etmäge mejbur galandygy we 6 adamyň dereksiz ýitendigi mälim edildi.
Ýurduň Döwlet baştutany Luis Inasio Lula da Silwa metbugata beren beýanatynda, ýogalan adamlaryň raýatlary bilen raýdaşlyk içindediklerini we apatyň ýaramaz täsir ýetiren adamlara kömek beriljekdigini habar berdi.
Sebitde güýçli ýagyşlaryň we tupanlaryň birnäçe wagt dowam etjekdigi aýan edildi.