Braziliýada saýlaw kampaniýasy başlady

18-nji awgustda Braziliýada Prezident saýlawlaryna kampaniýa başlandy.Döwlet baştutany wezipesi üçin 11 dalaşgär bäsleşer.Häzire çenli Liberal partiýanyň dalaşgäri, häzirki Prezident Žaýir Bolsonaru, Işçiler partiýasynyň dalaşgäri, öňki prezident Luiz Inasiu Lula da Silwa we Demokratik zähmet partiýasynyň dalaşgäri, öňki maliýe ministri Siru Gomez ýaly 12 dalaşgär hasaba alyndy.Braziliýanyň konsalting agentliginiň geçiren saýlawdan öňki pikir soralyşygynda L.I.

Lula da Silwa 44% goldaw bilen öňde barýar. Şol bir wagtyň özünde, Žaýir Bolsonaru 32 göterim goldawa bilen ikinji orny eýeledi.Braziliýanyň Saýlaw kazyýeti tarapyndan yglan edilen tertibe laýyklykda, 16-njy awgustdan prezidentlige dalaşgärler köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde saýlaw kampaniýalaryny geçirip başladylar.Şu ýyl Braziliýada geçiriljek Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry 2-nji oktýabrda geçiriler.

Hiç bir dalaşgär sesleriň ýaryndan gowragyny gazanmasa, iň köp ses alan iki dalaşgär soňky ýeňijini kesgitlemek üçin ikinji tapgyra çykar.Ses berişligiň ikinji tapgyry 30-njy oktýabrda meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Belarussiýada geçirilen Prezident saýlawynyň resmi netijeleri aýan edildi
Ýaponiýada 2024-nji ýylyň nyşany hökmünde altyn iýeroglifi saýlandy
Özbegistanda Parlament saýlawlary geçdi
Sesleriň köplügine eýe boldy
Salgyt iýeroglifi Ýaponiýada ýylyň nyşany diýlip yglan edildi
Sagçy konserwatorlar ýeňiş gazandy