Braziliýada rowaýaty futbolçy Peläniň adyny portugal diliniň sözlügine girizmegi teklip etdiler diýip, MIR 24 ýazýar.
Ýagny bütin futbol dünýäsine belli bolan Edson Arantis du Nasimentunyň lakamyny deňsiz-taýsyz we özboluşly diýen sözleriň sinonimi hökmünde sözlükde ýerleşdirmekçi bolýarlar.
Hemmeler ähli döwürleriň beýik braziliýalysyny tanaýarlar we hormat goýýarlar. Peläniň adyny sözlüge girizip, ebedileşdirmegiň döwri geldi diýip, Peläniň gaznasynyň wekilleri aýdýarlar. Bu başlangyjy hüjümçiniň çykyş eden Santos futbol kluby hem goldady.
Pele geçen ýylyň dekabrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherindäki hassahanada agyr keselden aradan çykdy.