Braziliýada mekdeplerde öýjükli telefonlar gadagan ediler

Braziliýada mekdeplerde öýjükli telefonlar gadagan ediler

Kanun güýje girenden soň, sapaklarda we arakesmede öýjükli telefonyny ulanmak gadagan ediler.

Braziliýanyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa bu mesele bilen baglanyşykly beren beýanatynda, kanunyň "çürt-kesik" zerurdygyny we şuňa meňzeş tejribäniň beýleki ýurtlardada durmuşa geçirilendigini aýtdy.

Lula da Silwa işe girişen gününden bäri ministrlere we beýleki işgärlere geçirilen maslahatlarda telefon ulanmazlyk barada duýduryş berendigini we öýjükli telefonlarynyň adamlaryň ünsüni sowup biljekdigini aýtdy.

Täze düzgüne laýyklykda mekdeplerde ykjam telefonlary diňe pedagogiki maksatlar üçin we mugallymlaryň gözegçiligi astynda ulanylyp bilner.

Çagalaryň we ýaşlaryň saglygyna we okuwyna ýaramaz täsirleri göz öňünde tutup, başlangyç we orta mekdeplerde öýjükli telefonlaryň ulanylmagyny gadagan edýän düzgün 20-nji dekabrda Kongres tarapyndan tassyklandy.

“Lokomotiwa” instituty we “QuestionPro” tarapyndan oktýabr aýynda geçirilen sorag-jogapda, braziliýaly ene-atalaryň 82 göterimi mekdeplerde öýjükli telefonlaryň gadagan edilmegini goldaýar.

Ýene degişli makalalar

BRICS-iň 2025-nji ýyldaky nyşany
Braziliýanyň Prezidenti hassahanadan çykdy
Türkmenistanda Braziliýanyň täze ilçisi işe başlady
Putin Erdogany Täze ýyly bilen gutlady
Açlyga we garyplyga garşy göreş boýunça ählumumy bileleşige 82 ýurt girdi
Braziliýada G20-niň sammiti geçýär