
Braziliýanyň Santa-Katarina sebitinde çagalar bagyna guralan hüjümde 4 çaga ýogaldy.
25 ýaşyndaky hüjümçi palta meňzeş ýarag bilen 4 çagany öldürenden soň howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi.
Gubernator Mello, Blumenaudaky çagalar bagynda başdan geçirlen waka uly gynanç bildirýändigini nygtady.
Mello 3 günlük milli ýasyň yglan edilendigini habar berdi.
Hüjümde 4 adamyň hem ýaralanandygy bellenildi.