Ýurduň Minas-Žeraýs welaýatynyň Teofilo Otoni şäherçesinde bolan ulag heläkçiliginde ýogalan adamlaryň şahsyýetleriniň anyklanmagy işi dowam edýär. Geçirilen derňewleriň netijesinde ýogalanlaryň sanynyň 41 adama ýetendigi mälim edildi.
Ulag heläkçiligi iň ýokary ýük mukdaryndan köp ýüki bolan ýük ulagyndan gopan granit blogunyň döwülmegi sebäpli boldy.
Wakadan soň gaçyp giden ýük awtoulagynyň sürüjisi gözlenýär.