Braziliýa Kopa Amerikada ýaryşdan çykdy

ABŞ-da dowam edýän 48-nji Kopa Amerikada hem ýarym finalçylar belli boldy. Çärýek finalyň iň esasy duşuşygynda Urugwaý bilen Braziliýanyň ýygyndylary duşuşdy.

Duşuşykda brazilleriň esasy ýyldyzlaryndan Winisius Junior jerimesi sebäpli oýnap bilmedi.Oýnuň 74-nji minutynda Urugwaýdan Nahitan Mendes gyzyl aldy.Duşuşyk 0-0 hasabynda deňlikde tamamlandy.Oýundan soň goşmaça wagt berilmezden penalti urgulary ýerine ýetirildi.

Urugwaý netijede 4-2 hasabynda üstün çykyp, ýarym finalda oýnama hukuk gazandy.Urugwaýda Walwerde, Bentankur, De Arraskaeta, Ugarte dagynyň urgusy takyk boldy.Himenesiň urgusyny bolsa derwezeçi Allison sowmagy başardy.

Braziliýada Andrea Pereira bilen Gabriel Martinelli topy derwezä gönükdirse, Eder Militao bilen Duglas Luiziň urgulary takyk bolmady.

Urugwaýyň ýygyndysy ýarym finalda Kolumbiýanyň ýygyndysy bilen duşuşar.Kolumbiýanyň ýygyndysy çärýek finalda Panamanyň derwezesinden jogapsyz 5 gol girizdi.Gollary 8-nji minutda Jhon Kordoba, 15-nji minutda penaltiden Hames Rodriges, 41-nji minutda Luiz Diaz, 70-nji minutda Riçard Rios hem-de 90+4-nji minutda penaltiden Migel Morha geçirdi. 1 geçirip, 2 goluň pasyny beren Hames Rodriges duşuşygyň ýyldyzy boldy.

Kolumbiýanyň ýygyndysy ýarym finalda Urugwaýyň ýygyndysy bilen duşuşar.Kopa Amerikada Argentina bilen Kanadanyň hem-de Kolumbiýa bilen Urugwaýyň arasyndaky ýarym final duşuşyklary 10-njy we 11-nji iýulda oýnalar.

Duşuşyklaryň ikisi hem 06:00-da başlanar.

Ýene degişli makalalar

48-nji Kopa Amerikanyň çempiony Argentina
Kolumbiýanyň ýygyndysy 23 ýyldan soň finala çykdy
4 ýylda 4 kubok (makala)
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
Ýer eýeleri ýaryşdan çykdy
Argentina bilen Ekwador, Urugwaý bilen Braziliýa çärýek finalda duşuşar