Braziliýa 3-nji gezek çempion bolan ilkinji ýygyndy (Dünýä Kubogy 1970)

Meksikada geçirilen 9-njy Dünýä Kubogy futbolyň taryhyndaky iň gyzykly çempionatlaryň biri hasaplanýar. 1964-nji ýylda Tokioda geçirilen FIFA-nyň kongresinde Argentinadan köp ses alan (5632 ses) Meksika 9-njy Dünýä Kubogyny guramaga hukuk gazanýar Şeýlelikde, futbol boýunça Dünýä Kubogy ilkinji gezek Ýewropa we Günorta Amerika yklymlaryndan başga yklymda, has takygy Demirgazyk Amerikada guralýar. Ýer eýesi Meksikadan we soňky çempion Angliýadan daşgary jemi 73 ýygyndy saýlama tapgyrynda çykyş edýär. Şolaryň 14-si geçirilen oýunlardan soň Dünýä Kubogyna gatnaşmak hukugyna eýe bolýar. 16 ýygyndynyň 9-sy Ýewropadan, 3-si Günorta Amerikadan, 2-si Demirgazyk Amerikadan, beýleki ikisi-de Afrikadyr Aziýadan gatnaşýar.

1970-nji ýylyň 31-nji maýynda bat alan çempionatyň açylyş duşuşygy 1-nji toparçada “Azteca” stadionynda ýer eýesi Meksika bilen ozalky SSSR-iň arasynda bolup, 107 160 janköýeriň tomaşa eden oýnunda hasap açylmaýar.

Meksikanlar soňky 2 duşuşygynda, ilki çempionatyň täze wekillerinden Salwadory 4-0 (Waldiwiýa 45, 46, Fragosa 58, Basaguren 83), soňra Belgiýany 1-0 (Penýa 14 p) hasabynda ýeňýär.Edil şonuň ýaly-da ozalky Soýuzyň ýygyndysy Belgiýany 4-1 (Byşowes 14, 63, Asatiani 57 Hmelniskiý 76), Salwadory-da 2-0 (Byşowes 51, 74) hasaplar bilen utýar. 5 utuk toplan SSSR bilen Meksika 2-nji tapgyra çykýar.

2-nji toparçada Dünýäniň şol wagta çenli 2 gezek çempiony 2 sany topar Urugwaý bilen Italiýanyň (1950-nji ýylda-da bir toparçadady), ilkinji sapar gatnaşýan Ysraýylyň hem-de Şwesiýanyň ýygyndylary duşuşýar.

Toparçadaky duşuşyklarda bary-ýogy 6 gol hasaba alynýar (Dünýä Kubogy ýaryşlaryndaky iň az gol geçirilen toparça). Şwesiýany Domenjininiň goly bilen 1-0 ýeňen italýanlaryň soňky 2 duşuşygy golsuz tamamlanýar.

Ysraýyly 2-0 ýeňen Urugwaýyň ýygyndysy 3-nji duşuşygynda Şwesiýadan 1-0 utulsa-da, gol aratapawudy bilen öňe saýlanyp, ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanýar.

3-nji toparçada çempionlygyň esasy dalaşgäri Braziliýa bilen soňky çempion Angliýanyň, Rumyniýadyr Çehoslowakiýanyň toparlary güýç synanyşýar.Braziller 3 oýunda-da ýeňiş gazanmagy başarýar Ilki çehleri Riwelinio (24), Pele (59) we Žairzinionyň (61, 83) gollary bilen 4-1 hasabynda ýeňen sambaçylar 2-nji duşuşygynda iňlisleri ýene-de Žairzinionyň ýeke-täk goly esasynda ýeňlişe sezewar edýär.

Pele (19, 67) we Žairzinionyň (22) tapawutlanan oýnunda braziller Rumyniýany kynlyk bilen 3-2 hasabynda utýar.Rumyniýany-da (Hörst 65), Çehoslowakiýany-da (Klark 50 p) 1-0 hasabynda ýeňen Angliýanyň ýygyndysy Braziliýadan soň adyny çärýek finala ýazdyrýar.

4-nji toparçada Günbatar Germaniýa 1-nji sapar gatnaşýan Marokkony 2-1 (Zeeler 56, Gerd Müller 80), Bolgariýany 5-2 (Libuda 20, Müller 27, 52 p, 88, Zeeler 67), Peruny 3-1 (Müller 19, 26, 39) hasabynda ýeňip, 1-nji ýeri eýeleýär.

Saýlama tapgyrynda güýçli Argentinadan üstün çykyp, Dünýä Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazanan Perunyň ýygyndysy ilki bolgarlaryň (3-2), soňra marokkolylaryň (3-1) derwezesinden 3 gol girizip, çärýek finala çykýar.Perunyň ýygyndysynda Teofilo Kubilýas 3 oýunda 4 gol geçirýär.

Çärýek finalyň 4 oýny-da 1 günde şol bir wagtda geçirilýär. “Azteca” stadionyndaky duşuşykda ozalky SSSR bilen Urugwaý duşuşýar.Esasy wagty golsuz tamamlanan oýunda Urugwaýyň ýygyndysy Esparragonyň 117-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen ýeňiş gazanýar.

Toparçada 1 gol geçiren çärýek finalda ýer eýeleri Meksikany 4-1 hasabynda utýar.Italýanlara ýeňiş getiren gollary Guzman (25 ö.d.), Riwa (63, 76) hem-de Riwera (70) geçirýär.

Guadalaharadaky oýunda Günorta Amerikanyň 2 wekili Braziliýa bilen Peru duşuşýar. 6 goluň geçirilen duşuşygynda braziller Riwelino (1), Tostao (15, 52) hem-de Žairzinio (75) gollary bilen 4-2 hasabynda garşydaşyndan üstün çykýar.

Perunyň ýygyndysyna Galýardo we Kubilýasyň gollary ýeterlik bolmaýar. 1966-njy ýylyň gopgunly finalynda duşuşan 2 topar Günbatar Germaniýa bilen Angliýanyň ýygyndylary bu gezek çärýek finalda gabatlaşýar. Ýöne bu gezek ýeňiş nemesleriň tarapynda bolýar. Çekeleşikli geçen oýunda Mulleri we Petersiň gollary bilen iňlisler 2-0 öňe saýlansa-da, goşmaça wagtda 3-2 asgyn gelýär.

Super ýyldyzlar Bekkenbauer (68), Zeeler (82) hem-de Müller (108) nemesleri ýarym finala çykarýar.

Ýarym finalda Urugwaý bilen Braziliýa, Italiýa bilenem Günbatar Germaniýanyň ýygyndylary duşuşýar. 1950-nji ýylda finalda duşuşan Urugwaý bilen Braziliýanyň arasyndaky bu oýun çekeleşikli geçýär.Kubilýa bilen 19-njy minutda öňe saýlanan urugwaýlylara braziller 3 gol (Klodoaldo 44, Žairzinio 76, Riwelino 89 bilen jogap berip, 3-1 hasabynda ýeňiş gazanýar we 4-nji gezek finala çykýar.

Edil şol gün, ýagny 17-nji iýundaky beýleki ýarym finalyň Italiýa bilen Günbatar Germaniýanyň arasyndaky duşuşygyň esasy wagty 1-1 gutarýar.Boninsenýanyň 8-nji minutdaky goly bilen öňe saýlanan italýanlaryň derwezesinden jogap goluny 90-njy minutda Şnellinger girizýär.

Goşmaça 30 minutda 5 gol geçirilip, Italiýa 4-3 hasabynda ýeňşini baýram edýär.Gollary italýanlaryň adyndan Burniç (98), Riwa (104) hem-de Riwella (111) derwezä girizýär.Nemesleriň 2 goluny bolsa Gerd Müller (94, 110) geçirýär.

Finaldan 1 gün öň “Azteca” stadionynda 3-nji ýer ugrundaky oýunda Günbatar Germaniýa Urugwaýy Oweratyň 26-njy minutdaky ýeke-täk goly bilen 1-0 ýeňip, 3-nji gezek bürünç medala mynasyp bolýar.

21-nji iýunda paýtagt Mehiko Sitidäki “Azteca” stadionynda finala tomaşa etmek üçin 107 412 janköýer ýygnanýar.Duşuşyga germaniýaly Rudi Glokner eminlik edýär.Iki toparam özleriniň 3-nji çempionlygy üçin meýdança çykyp, italýanlar meşhur gök köýnekçeleri, brazillerem dünýä belli sary köýnekçeleri bilen “Azteca”-nyň ýaşyl meýdançasyna çykýar.

Başgaça aýdylanda, ilkinji gezek 2 çempionlygy bolan toparlar finalda duşuşýar. 18-nji minutda Pele kellesi bilen hasaby açýar.Soňra 37-nji minutda Roberto Boninsenýa hasaby deňleýär.Birinji ýarym şeýle hasap bilenem tamamlanýar.

Ikinji ýarymda futbol muşdaklary hüjüm futbolynyň iň gowy nusgalarynyň şaýady bolýar. 66-njy minutda Žerson, 5 minutdan soň, Žairzinio hasaby hasam artdyrýar.Duşuşygyň tamamlanmagyna 4 minut galanda-da, Karlos Alberto 4-nji goly italýanlaryň toruna girizip, oýna soňky nokady goýýar. Şeýlelikde, 4-1 hasabynda ýeňiş gazanan Braziliýanyň ýygyndysy 3-nji gezek Dünýä Kubogyny asmana göterýär.

Taryhda ilkinji gezek bir topar 3-nji gezek çempion bolýar.Braziliýa Žul Rimeniň adyny göterýän kubogyň ymykly eýesi bolýar (Şol kubok 1983-nji ýylda ogurlanýar we hiç wagt tapylmaýar).

Geçirilen duşuşyklar

1-NJI TAPGYR:

1-nji toparça: Meksika-SSSR: 0-0, Belgiýa-Salwador: 3-0, SSSR-Belgiýa: 4-1, Meksika-Salwador: 4-0, SSSR-Salwador: 2-0, Meksika-Belgiýa: 2-0, 2-nji toparça: Urugwaý-Ysraýyl: 2-0, Italiýa-Şwesiýa: 1-0, Urugwaý-Italiýa: 0-0, Şwesiýa-Ysraýyl: 1-1, Şwesiýa-Urugwaý: 1-0, Italiýa-Ysraýyl: 0-0, 3-nji toparça: Angliýa-Rumyniýa: 1-0, Braziliýa-Çehoslowakiýa: 4-1, Rumyniýa-Çehoslowakiýa: 2-1, Braziliýa-Angliýa: 1-0, Braziliýa-Rumyniýa: 3-2, Angliýa-Çehoslowakiýa: 1-0, 4-nji toparça: Peru-Bolgariýa: 3-2, G.

Germaniýa-Marokko: 2-1, Peru-Marokko: 3-0, G.Germaniýa-Bolgariýa: 5-2, G.Germaniýa-Peru: 3-1, Bolgariýa-Marokko: 1-1.

ÇÄRÝEK FINAL: Braziliýa-Peru: 4-2, G. Germaniýa-Angliýa: 3-2, Italiýa-Meksika: 4-1, Urugwaý-SSSR: 1-0.

ÝARYM FINAL: Braziliýa-Urugwaý: 3-1, Italiýa-G. Germaniýa: 4-3.

3-NJI ÝER: G. Germaniýa-Urugwaý: 1-0.

FINAL: Braziliýa-Italiýa: 4-1.

Gyzykly maglumatlar

* Marokko (Müsüriň ýygyndysyndan soň (1934) Dünýä Kubogyna gatnaşan ilkinji Afrika döwleti bolýar), Salwador, Ysraýyl ilkinji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşýar.

* Duşuşyklar ilkinji gezek reňkli ýaýlym arkaly görkezilýär.

* Salwador bilen Meksika bir toparçada duşuşýar. Bu bolsa Günorta Amerika we Ýewropa yklymlaryndan başga bir yklymyň iki wekiliniň özara ilkinji duşuşygy bolýar.

* Saýlama oýunlaryna 73 topar gatnaşyp, Fransiýa, Portugaliýa, Wengriýa, Argentina we Ispaniýa ýaly güýçli toparlar bäsleşikde çykyş etmäge hukuk gazanyp bilmeýär.

* Dünýä Kubogynda ilkinji gezek sary we gyzyl kart görkezilip başlanýar. Çempionatda hiç kime gyzyl kart görkezilmeýär.

* Duşuşyklarda 2 oýunçy çalyşmaga rugsat edilýär.

* Duşuşyklar 5 şäherde (Guadalahara, Leon, Mehiko Siti, Puebla, Toluka) geçirilýär.

* Braziliýaly Žarzinio her duşuşykda (6 oýunda 7 pökgi) tapawutlanyp, urugwaýly Alsides Gidžadan soň, şeýle netije görkezen 2-nji futbolçy bolýar. Gidža 1950-nji ýylda 4 oýunda 4 gol geçiripdi. Dünýä Kubogynyň taryhynda diňe 2 futbolçy ähli duşuşykda-da tapawutlanýar.

* 10 gol geçiren germaniýaly Gerd Müller çempionatyň iň netijeli futbolçysy bolýar. 2 duşuşykda het-trik eden Müllere diňe 3-nji ýer üçin oýnalan oýunda gol geçirtmek başartmaýar.

* Bu Dünýä Kubogy “Adidas” kompaniýasynyň futbol toplarynyň ulanylyp başlan ilkinji çempionaty bolýar. Bu çempionatda “Telstar” futbol topy ulanylýar.

* Çempionatyň iň ökde oýunçysyna berilýän “Altyn top” baýragy Pelä gowşurylýar. Ol 3 gezek Dünýä çempiony bolan ýeke-täk futbolçydyr.

*Çempionatyň iň ökde ýaş oýunçysy baýragyna Teofilo Kubilýa (Peru) laýyk görülýär.

* Braziliýanyň ýygyndysynyň tälimçisi Mario Zagallo hem oýunçy (1962, 1970), hem-de tälimçi (1970) hökmünde çempionlyk gazanan ilkinji futbol hünärmeni bolýar.

Ýene degişli makalalar

Taryhy ýeňişleriň başlangyjy ilkinji çempionlyk (Dünýä Kubogy 1974)
Ähli çempionata gatnaşan ýeke-täk topar
Sportuň taryhynda şu gün 25-nji dekabr
Adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky halkara başlangyçlar
Serdar Berdimuhamedow Baýdene ABŞ-nyň mekdebindäki pajygaly ýagdaý zerarly gynanç bildirdi
ABŞ-da mekdebe guralan hüjümde köp sanda adam ýogaldy