Brazil futbolçysy Peläniň ejesi 101 ýaşynda aradan çykdy

Brazil futbolçysy Peläniň ejesi 101 ýaşynda aradan çykdy

Rowaýaty brazil futbol oýunçysy we dünýäniň üç gezek çempiony Peläniň ejesi Selesta Arantes du Nassimenta 101 ýaşynda aradan çykdy, bu barada Associated Press habarlar gullugyna salgylanýan Iz.ru ýazýar.

Soňky bäş ýylda ol huşsuz ýagdaýda ýaşady we hatda 2022-nji ýylda oglunyň aradan çykandygyndan hem bihabar galdy.

Peläniň çykyş eden Santos futbol kluby oýunçynyň ejesiniň aradan çykandygy sebäpli gynanç bildirip, üç günlük matam yglan etdi.

Pele 2022-nji ýylyň 29-njy dekabrynda 82 ýaşynda böwreginde düwnük keselinden aradan çykdy.

Ýene degişli makalalar

Messi karýerasyndaky gollaryň sany boýunça Peleden öňe geçdi
Hassahana ýerleşdirilenden soň, Peläniň ýagdaýy durnuklaşdy
Pele we Braziliýanyň ilkinji çempionlygy (Dünýä Kubogy 1958)
Peläniň futbol karýerasy
Braziliýaly ýyldyz futbolçy Pele aradan çykdy
Santosda Peläniň aramgähi açyldy