Brat filmi prokatda Golliwudyň blokbasterinden ozdurdy

Brat filmi prokatda Golliwudyň blokbasterinden ozdurdy

Russiýanyň СТВ kinokompaniýasy Golliwudyň täze filmleriniň prokatda ýatyrylmagy bilen baglylykda, 1990-njy ýyllaryň Brat we Brat-2 (Dogan we Dogan-2) atly meşhur filmlerini gaýtadan kinoteatrlara goýberdi. Filmleriň ikisem 24-nji martda ekranlara çykdy we birinji günde Brat 7 million rubl kassa ýygymyny toplady.

Hatda ýörgünli daşary ýurt filmleriniň ilkinji dynç alyş günleri rus prokatynda şunça möçberde pul toplamagy başarmaýandygy bellenýär, netijede öňdäki dynç günleri üçin petekleriň deslapky satuwyndan gelen jemi girdeji Brat filmi üçin 15,2 million rubla deň boldy.

Brat-2 bolsa prokatdaky ilkinji gününde 2 million rubldan gowrak ýygym toplady.Umuman alnanda, filmleriň ikisi 1,5 günde 21,3 million rubl toplady diýlip, MIR24 habar berýär.

Golliwudyň Ançarted: Kartada bellik edilmändir diýen täze filmi bolsa rus prokatynda 6 million rubldan sähel gowrak kassa ýygymyny gazandy.

Şeýle-de öňňin Eldar Rýazanowyň Gulluk romany ( Служебный роман ) diýen nusgawy liriki komediýasy täze gowulandyrylan şekilde we sesde prokata goýberildi.

Ýene degişli makalalar

“Dogan” filmi prokatda Golliwudyň blokbasterinden ozdurdy
Özbegistan Türkiýä Gynanç Bildirdi
Myhmanhanada Bolan Ýangynda Ýogalanlaryň Sany 78 Adama Ýetdi
Haýsy ýurduň ady näme manyny berýär?
Türkmenistan Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky teklip bilen çykyş etdi
Türkiýäniň Strategik Göçümleri Gresiýanyň Gün-tertibinde