Brand Finance konsalting kompaniýasy 2022-nji ýylda dünýäniň iň kuwwatly nebitgaz brendleriniň sanawyny düzdi.Reýtingde birinji orny Malaýziýanyň Petronas kompaniýasy eýeledi.Onuň görkezijisi 87,7 punkt boldy.
Ikinji orunda 87,4 punkt görkeziji bilen Russiýanyň “LUKOÝL” kompaniýasy ýerleşdi. Üçünji we dördünji orunlary Braziliýanyň Petrobras we Tailandyň PTT kompaniýalary eýeledi.Bäşligi 85,9 punkt görkeziji bilen “Gazprom” rus kompaniýasy jemleýär diýip, interfax.ru habar berýär.
Brendiň güýji kompaniýa tarapyndan marketing maýa goýumlary, operasion netijeler, şeýle-de gyzyklanýan taraplar bilen gatnaşyklar (işgärlerden, üpjün edijilerden we paýdarlardan başlap, döwlet edaralaryna we jemgyýetçilik guramalaryna çenli) ýaly birnäçe görkeziji boýunça hasaplanýar.
Brand Finance-iň wersiýasyna görä, gymmat bahalylygy boýunça Shell britan-niderland kompaniýasy liderligi saklady.Brendiň bahasy $49,9 mlrd bilen bahalandyryldy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 18% köpdür.
Ikinji orny hem Saudi Aramco saklady: onuň brendiniň bahasy 16% ýokarlanyp, $43,6 mlrd boldy.Ilkinji bäşligiň galan kompaniýalarynyň arasynda üýtgeşme bolmady: üçünji orunda PetroChina ($29,7 mlrd), dördünji orunda Sinopec ($25,2 mlrd), bäşinji orunda BP Plc ($19 mlrd) ýerleşdi.
Petronas $13,6 mlrd görkeziji bilen sekizinji, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasy (ADNOC) dokuzynjy orna ($12,8 mlrd) çykdy.Exxon Mobil amerikan kompaniýasy onunjy orna düşdi onuň brendiniň bahasy $11,2 mlrd.