Bozkyr 2 gün dowam eden Türkmenistana saparynyň dowamynda döwlet Ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamed tarapyndan kabul edildi, soň bolsa Daşary işler ministri Raşit Meredow bilen duşuşdy.
Aşgabatda Türkmenistanyň Lideri tarapyndan kabul edilen Wolkan Bozkyr, Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurduň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady.Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda işjeň pozisiýa eýeleýändigini beýan eden Bozkyr, ýurduň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň oňyn netijesine laýyklykda BMG bilen özara hyzmatdaşlygy ençeme ugurda ösdürendigini aýtdy.
BMG-niň Aşgabatda ýerleşýän Orta Aziýa Boýunça Sebitleýin Öňüni Alyjy Diplomatiýa Merkeziniň, sebitiň syýasy şertleriniň kadalaşmagyna we Owganystanda parahatçylygyň hem-de sosial durnuklylygyň ýola goýulmagyna uly goşantlar goşýandygyny beýan etdi.
Döwlet Ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa Türkmenistan bilen BMG-nin arasyndaky uzak möhletli strategik hyzmatdaşlygyň ýokary depginde ösmegine kanagatlanma bildirdi. Türkmenistanyň ileri tutýan halkara başlangyçlaryna BMG-niň berýän goldawy üçin Wolkan Bozkyra sagbolsun aýtdy.
Soň bolsa Bozkyryň ýolbaşçylyk edýän wekiliýeti bilen Daşary işler ministri Raşit Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen maslahat geçirdi. Yçgin we ynamy güýçlendiriji şertlerde geçen duşuşykda taraplar sebitleýin we global meseleleriň ileri tutulýan ugurlary boýunça Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk şertleri hakynda pikir alyşdylar.
Gender deňliginiň gazanylmagy, azyk howpsuzlygy, sosial galkynyş, digitallaşma, howa çalşygy we pandemiýa garşy göreş hem-de beýleki ugurlarda döwlet maskatnamalarynyň ähmiýeti nygtaldy. Şol çäkde Türkmenistanyň milli, sebitleýin we halkara derejede edýän başlangyçlary beýan edildi.