"Bozdagan-19" operasiýasy dowam edýär

"Bozdagan-19" operasiýasy dowam edýär

Türkiyäniň Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa sosial media hasabyndan beren beýanatynda Žandarmanyň baş serkerdeliginiň Terrora garşy göreş bölüminiň we Razwedka bölüminiň koordinasiýasynda Şyrnak, Diýarbakyr, Siirt we Hakkari welaýatlarynda geçirilýän operasiýalara Žandarmanyň ýöriteleşdirilen toparlary, komandos toparlary we howpsuzlyk goragçylaryndan ybarat jemi 107 toparyň we 1445 žandarmanyň gatnaşýandygyny habar berdi.

Ali Ýerlikaýa ekstremist terror guramasyna agza terrorçylaryň welaýatlaryň obalyk ýerlerinde aksiýa geçirmek maksady bilen gowaklara we gaçybatalgalara gizläp goýan ýarag, ok-däri we partlaýjylaryň ýok edilmegi üçin 4 aýry welaýatda geçirilýän "Bozdogan-19" operasiýalarynda terrorçylara degişli 22 gowagyň, gaçybatalganyň we ýaşaýyş ýerleriniň ýok edilendigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ: "Russiýada ýogalan we ýaralanan Demirgazyk Koreýaly harby gullukçylar bar" diýdi
Krymdaky poligonlaryň birinde ýangyn çykdy
Russiýa Ukraiandaky karar kabul ediş merkeziniň ýok edilendigini aýtdy
Wan welaýatynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Ysraýylyň Baş Ştabynyň başlygy: "Goşun 7-nji oktýabrda şowsuz boldy" diýdi
Türk Howpsuzlyk Gullugynyň Transformasiýasy