Mersedes toparyndan finlýandiýaly sürüji Waltteri Bottas ýekşenbe günündäki esasy ýaryşyň start gözenegini kesgitleýän Italiýanyň Gran-prisiniň sprint ýaryşynda ýeňiji boldy.
Bottas sprintdäki ýeňşi üçin üç utuk gazandy. Ikinji orny iki utuk gazanan “Red Bulldan” Maks Werstappen, üçünji orny bir utuk gazanan “Maklareniň” sürüjisi Deniel Rikkýardo eýeledi. Ýeňiji bolandygyna garamazdan, Bottas kuwwatly gurluşyň elementlerini çalşyrandygy üçin jerime sebäpli, ýekşenbe güni iň soňky bolup ugrar. Şeýlelik bilen, poul-pozişnde Werstappen bolar.
Pellehana gelenleriň onlugyna şular hem girdi: 4. Lando Norris, “Maklaren”; 5. Lýuis Hemilton, “Mersedes”; 6. Şarl Lekler, “Ferrari”; 7. Karlos Saýns, “Ferrari”; 8. Antonio Jowinassi, “Alfa Romeo”; 9. Serhio Peres, “Red Bull”; 10. Lens Stroll, “Aston Martin”.
Çempionatyň lideri Werstappen (226,5 utuk) utukly üçlüge girmek bilen ikinji orunda gelýän Hemiltondan (221,5) üstünligini artdyrdy.
Italiýanyň Gran-prisi Monsa milli awtodromynda 12-nji sentýabrda 18:00-da geçirilýär.