Botswanada 1080 karat agramly ak göwher tapyldy

Botswanada 1080,1 karat agramly gymmat bahaly ak göwher tapyldy.Bu barada Kanadanyň göwher gazyp alýan kompaniýasy “Lucara Diamond” habar berdi. 82,2 x 42,8 x 34,2 millimertrlik gymmat bahaly daş, ýurduň paýtagty Gaboroneden, takmynan, 512 kilometr uzaklykda, Botswananyň demirgazyk-merkezindäki Karowe göwher käninde ýerleşýän “Coarse XRT” böleginden ýüze çykaryldy.

Bu 2015-nji ýyldan bäri Karowe käninden tapylan dördünji göwherdir. “Lucara Diamond” Botswanadaky Karowe göwher känine degişli. 2012-nji ýyldan bäri işleýän magdan käninde kompaniýa gazyp agtaryş işlerini geçirýär.

Ýene degişli makalalar

Prezident we parlament saýlawlary geçiriler
Täze göwher tapyldy: dünýäde üçünji ýerde
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Dünýäde ululygy boýunça taryhda üçünji almaz tapyldy
Dünýäniň iň rahat ýurdy
Türkmen wekiliýeti Moskwada adam hukuklary boýunça halkara maslahata gatnaşdy