Botanikler dünýäde iň uly suw liliýasyny tapdylar

Botanikler dünýäde iň uly suw liliýasyny tapdylar

Botanikler äpet suw liliýasynyň (sogangülüň) täze görnüşini açdylar. Bu soňky ýüz ýylda şeýle ugurdaky ilkinji açyşdyr diýip, Frontiers in Plant Science neşiri ýazýar diýip, MIR24 habar berýär.

Liliýa Beýik Britaniýanyň Kýu Patyşalyk botanika bagynda ösýär, emma onuň asyl watany Boliwiýadyr. 2016-njy ýylda boliwiýaly alymlar londonly kärdeşlerine bu gülleriň tohumlaryny berdiler.

Liliýa güli ösüp kemala gelende, onuň beýleki ösümliklerden düýpgöter tapawutlanýandygy belli boldy, alymlar DNK barlagyny geçirip, liliýanyň Victoria amazonica we Victoria cruziana diýen beýleki iki görnüşiň hijisine-de degişli däldigini anykladylar. Şonuň üçin ony öň ylymda belli bolmadyk täze — Victoria boliviana diýlen görnüşe degişli etdiler.

Liliýa beýlekilerden has iri bolup çykdy, onuň ýapraklarynyň diametri 3,2 metre ýetip bilýär. Genetiki seljermeler şeýle-de onuň Victoria cruziana görnüş bilen ýygjam baglydygyny görkezdi, olar mundan bir million ýyl öň aýrybaşgalaşypdyrlar.

Ýeri gelende aýtsak, mähnet liliýalar amazon aborigenlere oňat bellidir, olar V. Cruziana görnüşiň tohumlaryny mekgejöweniň ornuna ulanýarlar, V. Amazonica görnüşinden bolsa saç boýagyny alýarlar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň uly suw liliýasy tapyldy  
Kiprdäki suwa düşülýän ýerleriň üçden bir bölegi doly ýok bolar
Tokaýlaryň çapylmagy sebitiň temperaturasyna uly täsir edýär
DNK, organizmanyň ähli özbolyşlyklaryny kesgitleýän genleri özünde jemleýär.
Dünýäde iň uly ýeralma kädi bolup çykdy
2009-njy ýylda ABŞ-da talaňçylykda we adam öldürmekde aýyplanan Türkmenistanyň raýaty 19 ýyl möhlete türme tussaglygyna höküm edildi