Bossan Concept we Saloni.tm dükanlaryna yşyklandyryş enjamlarynyň täze toplumlary gelip gowuşdy

Bossan Concept we Saloni.tm dükanlaryna yşyklandyryş enjamlarynyň täze toplumlary gelip gowuşdy

Öý üçin niýetlenen owadan we döwrebap önümleri bilen tanalýan Bossan Concept hem-de Saloni.tm dükanlary ýakynda yşyklandyryş enjamlarynyň täze toplumlary bilen hödürleýän önümleriniň hataryny giňeltdiler.

Indi müşderiler dürli giňişlikler üçin lýustralary we çyralary saýlap bilerler: Saloni.tm dükanynda içki otaglar, Bossan Concept dükanynda bolsa baglar we öýüň ýanaşyk ýerleri üçin önümler hödürlenýär.

Saloni.tm dükanynyň toplumlarynda OSRAM tarapyndan öndürilen yşyk-diodly zolak bilen enjamlaşdyrylan lýustralar aýratyn orun eýeleýär.Bu nemes kompaniýasy özüniň innowasion işläp taýýarlamalary bilen tanalýar we dünýäniň yşyklandyryş enjamlary bazarynda öňdebaryjy orny eýeleýär.

LED zolaklaryň uzak ömri bar, bu bolsa lýustralaryň diňe bir estetiki taýdan gözelligini artdyrman, eýsem, olary döwrebap jaýlar üçin amatly saýlawa öwürýär.Dükanda lýustralaryň ähli görnüşine 50% arzanladyş hödürlenýär.

Dükanlardaky yşyklandyryş enjamlarynyň täze toplumlary müşderileriň diňe bir öýleriniň yşyklandyrylyşyny gowulandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, otaglara täze, döwrebap keşp bermklerine mümkinçilik döredýär. Dükanlardaky ussat geňeşçiler aýratyn islegleri we otagyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, müşderilere iň amatly çözgüdi saýlamaga kömek etmäge hemişe taýýardyrlar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Bossan Concept:

Saloni.tm:

Ýene degişli makalalar

Bossan Concept dükany Gurban baýramy mynasybetli batutlaryna arzanladyş yglan edýär
Bossan Concept-den fitodiwarlar: bir çözgütde estetika we ulanyş mümkinçiligi
AGG Lighting dükany 60х60 LED panelleriniň köpdürli görnüşlerini alyjylara ýetirýär
GREENGO dükanyna täze harytlar gelip gowuşdy
AGG Lighting dükanynda lýustralaryň täze modelleri alyjylara ýetirilýär
GREENGO dükanynda yşyklandyryş enjamlaryna arzanladyş başlady