Indi islendik adam Bossan Concept kompaniýasynyň ýyl-ýyldan kämilleşýän ussat dizaýnerleriniň kömegi bilen täze ýyl baýramynyň bezeginiň iň batyrgaý hem özüne çekiji işleri amala aşyryp biler. Kompaniýa täze ýyl dürli öwüşginli arçalary üçin aýratyn bezegleri döremek we interýerleri ajaýyp baýramçylyk äheňinde bezemek boýunça giň hyzmatlaryny hödürleýär.
Bezemek işi müşderiniň ähli isleglerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak bilen başlanýar. Bilelikdäki ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda kompaniýanyň hünärmenleri müşderi bilen: esasy bolmaly stilistik ugurlary, bezegiň reňk öwüşginlerini we taslamanyň umumy býujetini ylalaşýar.
Bossan Concept kompaniýasynyň esasy maksady ýerine ýetirilen bezeg işleriniň müşderi tarapyndan bildirilen şahsy isleglerine doly derejede laýyk gelmegidir, bu özboluşly täze ýyl baýramçylygynyň gaýtalanmajak gurşawyny döretmekdir.
Habarlaşmak üçin maglumatlar: