Bossan Concept-e fito diwarlar üçin emeli ösümlikleriň täze kolleksiýasy geldi

Bossan Concept-e fito diwarlar üçin emeli ösümlikleriň täze kolleksiýasy geldi

Bossan Concept dükanlarynda fito diwarlary döretmek üçin niýetlenen harytlaryň täze kolleksiýasy hödürlenýär. Indi dizaýn ideýalaryňyzy durmuşa geçirmek we giňişligiňizi ajaýyp ösümlikler bilen bezemek üçin örän uly mümkinçiligiňiz bar.

Fito diwarlar üçin materiallaryň assortimenti emeli ösümlikleriň we durnuklaşdyrylan mohlaryň birnäçe görnüşi bilen giňeldildi. Bu ýerdäki her bir önüm — janly ösümliklerden düýbünden tapawutlanmaýan ýokary hilli materiallardan peýdalanylyp döredilen sungat eseri.

Bossan Concept-iň fito diwarlarynyň artykmaçlyklary:

- uzak möhlete çydamlylygy. Emeli ösümlikler suwarmagy ýa-da döküni talap etmezden, köp ýyllap täzeligini hem-de ýagtylygyny saklaýar.

- howpsuzlygy. Içerde ulanmak üçin niýetlenen bu materiallaryň ýangyna garşylygy ýokary derejededir. Daşary üçin niýetlenen önümler bolsa ultramelewşe şöhlelerine we çyglylyga çydamly.

- köptaraplylygy. Fito diwarlar islendik jaýy bezemek üçin amatlydyr: ofislerden we dükanlardan başlap, restoranlara hem-de ýaşaýyş jaýlaryna çenli.

- özboluşlylygy. Ösümlikleriň we teksturalaryň giň saýlawy interýeriňizi aýdyň görkezjek özboluşly dizaýny döretmäge mümkinçilik berer.

Täze kolleksiýa bilen aşakdaky salgylarda ýerleşýän Bossan Concept dükanlaryndan tanşyp bilersiňiz:

Telefon belgileri: 41 55 54, 72 60 60. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Gezerawjynyň Dünýä gaýdyp gelmegi ýene-de bir gezek yza süýşürildi
Digital Almaty forumynda gyrgyz dilindäki emeli aň tanyşdyryldy
Gezerawjynyň älem syýahaty tamamlanyp barýar
​​​​​​​"Ýurdumyzy älem derňewlerinde özüne laýyk derejä ýetirmek üçin tutanýerli zähmet çekýäris"
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan "Ilkinji astronawtly älem missiýasy" bilen bagly beýanat berdi