Erteki gahrymanlary hobbitleriň (ýerdölede ýaşaýan girdenekler) obasy Bosniýa we Gersegowinada peýda boldy diýip, Habar 24 ýazýar.
Ýazyjy Jon Ronald Tolkieniň Ýüzükleriň hökümdary atly meşhur kinotrilogiýasynyň gahrymanlary hobbitleriň ýaşan, göýä ýerden ösüp çykan ýaly öýler bu ýerde mundan bir ýyl öň gurlup başlandy.
Surat:dailysabah.com
Hobbitleriň obasyny gurmak pikiri filmiň muşdaklary bolan dört sany uýa degişlidir, olar şeýle etmek bilen, sebite daşary ýurtly jahankeşdeleri hem çekmek isleýärler.
Obada şeýle täsin öýleriň bäşisi bolup, olaryň içinde ýaşamak üçin ähli zerur goş-golam bar. Uýalaryň gürrüň bermegine görä, hobbitleriň obasy eýýäm ilkinji myhmanlary kabul etdi. Bu ýere Ýewropadan jahankeşdeler gelip ugradylar.