“Bosniýa-Gersogowinanyň NATO Agzalygyna Goldaw Berýäris”

“Bosniýa-Gersogowinanyň NATO Agzalygyna Goldaw Berýäris”

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Bosniýa-Gersogowinadaky syýasy liderleriň separatist diskurslardan gaça durmagy üçin çagyryş berdi.

Stoltenberg, Bosniýa-Gersogowinanyň Prezidium Geňeşiniň agzasy Denis Beçirowiç bilen Belgiýanyň paýtagty Brýusselde NATO-nyň ştab kwartirasynda duşuşdy.

Duşuşykdan soň NATO tarapyndan berlen beýannama görä, sebitde durunuklylygyň ähmiýetine ünsi çeken Stoltenberg, sebitiň durnuklylygynyň NATO üçin diýseň möhümigini ýatlatdy.

NATO-nyň Bosniýa-Gersogowinanyň territorial bitewiligine we özygtyýarlygyna doly goldaw berýändigini nygtan Stoltenberg, Bosniýa-Gersogowinanyň NATO agzalygyna hem doly goldaw berýändiklerini ýatlatdy.

Bosniýa-Gersogowinanyň Prezidium Geňeşiniň agzasy Denis Beçirowiç hem ýurdunyň NATO agza bolmak isleýändigini belledi.

Beçirowiç “Şu günki duşuşykda NATO-nyň Baş sekretaryna, Bosniýa-Gersogowinanyň gysga wagtda NATO agza bolmagy üçin uly tagalla etjekdigimi aýtdym” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan ABŞ-da saparda bolýar
“Hytaýa, Russiýa Berýän Goldawyndan Ýüz Öwürmegi Üçin Çagyryş Berýärin”
NATO Sammiti Başlady
Günortada Türkiýesiz Ýewropanyň Howpsuzlygyny Üpjün Etmek Mümkin Däl
Günorta Kawkazdaky möhüm wakalar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ukraina Bir Million Dron Ugradylar